30-njy sentýabr— Halkara terjime güniTerjime etmek hem-de terjimeçilik hünäri daşary döwletleriň diline, edebiýatyna, medeniýetine düşünmek üçin örän zerur hasaplanýar. Her ýylyň 30-njy sentýabry Halkara terjime güni hökmünde dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan giňden bellenilýär.
Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 2017-nji ýylyň 24-nji maýynda geçiren 71-nji sessiýasynda her ýylyň 30-njy sentýabryny Halkara terjime güni hökmünde ykrar etmek barada karar kabul edilýär. Halkara terjime güni ýylda özboluşly şygar esasynda bellenilip geçilýär.
Häzirki wagtda dünýä ýüzünde terjimeçilik işine örän uly üns berilýär. Sebäbi terjimeçilik maglumat alyşmakda, milletleriň arasynda hoşniýetli gatnaşyklary guramakda möhüm hasaplanýar. Bilermenler häzirki wagtda dünýäde 300 müňden hem gowrak terjimeçi bardygyny belleýärler. Birleşen Milletler Guramasynyň ýörite ykrar edilen resmi dilleri bar. Olar: iňlis, rus, fransuz, arap, hytaý we ispan dilidir. Terjimeçilik işi iň köp amala aşyrylýan diller hem şular hasaplanylýar.
30-njy sentýabr – Halkara terjime gününde bu hünäriň wekilleri bilen dürli çäreler giň gerimde guralýar. Metbugat kenferensiýalary, tegelek stollar, okuw seminarlary bu günüň täsirini has hem artdyrýar.
🇿🇦🇻🇺🇺🇦🇺🇲🇹🇱🇹🇴🇸🇾🇸🇿🇹🇨🇹🇬🇹🇯🇹🇭🇸🇴🇸🇱