Kim hakly?
Soltansöýün bir sebäp bilen ýazyň güni Horasanyň beýik dagynyñ başyna çykanda, tas özüni sowuga aldyran eken. Ol şol dagyň
baýlygyndan peýdalanar ýaly, haýsy ýol bilen şol dagda adam ýaşar ýaly
edip bolarka diýip oýlanypdyr. Iň soňunda, gyşyň güni jar çekdiripdir,
- Kim Horasanyň beýik dagynyň üstünde kyrk ýorganyn içinde bir
gije ýatyp, ertire ölmän cvksa, sol adama Soltansöýün boýy bilen altyn
berjek...
Altyna gyzygan birnäçe adam şol dagyň üstünde janyny gurban beripdirdir.Olar bir ýorgany aşagyna düşäp 39 ýorgany ýapynypdyrlar. Netijede sowykda gatap galypdyrlar.
Myraly bir gün:
Soltanym, şoňa menem bir synanyp göreýin diýipdir.
Soltansöýün ona:
Myralv, sen akmak bolma, men seniň janyňa dözemok, sen maña gerek !- diýip, ony ibermekden boýun towlapdyr.
Myraly meseläni çürt-kesik goýupdyr.
Soltanym, jan meniňki. Men öz janymy seniň meni söýsünden birnäce
esse köpräk söýýän, meniň hem ölesim gelenok. Men seniň diñe
niietiňi yüze çykarmak isleýän. Sen ýa-ha meni şol dagyň üstünde
ýatyp-turmaga goýber, ýa-da şertiňi yzyna gaýdyp al!
Soltansöýün Myrala rugsat bermekden başga çäre tapmandyr.
Myraly dagyň üstüne çykyp, kyrk ýorganyň otuz dokuzyny asagyna
düsäpdir-de, birini üstüne ýapynypdyr. Gije onuň endamy hem tikeneklemän. ertir turanda, gaýta çygjaryp oýanypdyr,
Soltansöýün ol waka haýran galyp, Myrala sowal beripdir:
- Myraly, sen dogryňdan gel! Gije ýatañda, ot gördühmi?
- Hawa, bir menzil günbatar aşak gapdalymda bir ot ýalpyldap
görünýärdi.
- Hä, saña oduň howry bilen özüni gyzdyranja adam diýerler. Sen
meniň sertimi ýerine ýetirmänsiň - diýip, Myrala altyn bermekden ýüz
dönderipdir.
Günleriň hir giiniünde Soltansövün ücin Myraly gvssagly gerek bolupdyr. Myralynyň yzyndan adam iberende, Myraly oňa:
-Soltansöýüne aýt: men ýaňyja tüňçe oturtdym, gol gaýnandan soň.
çaý içip bararyn - diýipdir.
Soltansöýün gyssagly, yzly-yzyna adam iberse-de, olaryň hemmesi
şol jogap bilen gaýdyp gelipdir. Iň soňunda Soltansöýünin özi onun üs-
tüne barmaga mejbur bolupdyr. Ol baranda, Myraly oduñ üç adimlik
beýlesinde tüňçe goýup, aýbogdaşyny gurup oturan eken. Soltansöýün
oňa gaharlanyp:
- Ey, akmak adam, heý, üç ädimlikdäki tüňçă-de oduň gyzgyny ýetermi?- diýip igenipdir.
-Eý, soltanym, bir menzillikdäki ýanan ot meni gyzdyranda. üc
ädimlikdäki ot tünçäni gaýnatmazmy?
Soltansöýün özüniň utulanyny boýun alyp:
Myraly, men seniň akyllydygyňy bilýärdim, emma näme jogap
taparkaň diýip, seni synap görmek üçin etdim. Altyn näçe gerek bolsa
açary seniň eliňde!- diýipdir.
Myraly oňa:
- Soltanym, sen altyndan doýmaýşyň ýaly, Myralyny synamakdan
hem doýman ekeniň. Soňra ahmyr çekme, Myrala ölinçă näçe soragyñ
bolsa beriber - diýipdir.