Bu gyzlardan uzak dur
3. Geçmişinde birtopar kişi bilen gürleşen.
Aslynda iň uly maddamyz şu bolmalydy. "Erkekde geljege, aýalda geçmişe" serediler sözlemi gaty dogry sözlemdir. Bu söze häzirki feminen şerraý agzalary garşy çykyp, erkekleri aýallaşdyrmaga synanyşsalar hem bu sözlemiň dogrudygyny gaýta aýallaryň özi tassyklap gelýär. Heý 4-5 oglan bilen gürleşip, söýüşip, olar bilen ençeme wagt geçirensoň size kanagat edip oturarmy bu kişi? Ýa-da siz ol kişini gelniňiz edip alarmysyňyz?
Siz maňa "goýsana how, gürleşmedik gyz galdymy" diýip gaty mamla sorag berip bilersiňiz. Men "geçmişinde gürleşmedik" diýemok, aslynda şol bolsa has gowy. Ýöne iň azyndan 1, iň köp 2 kişi bilen gürleşen bolsa bolar. Ondan soň näme üçin aýryldylar, näme üçin uzak dowam etmedi, kim terk etdi ýaly soraglara däli ýaly jogap gözlemegiňiz gerek. Mysal üçin diňe bir oglan bilen gürleşendir, ýöne ol oglan bilen diňe kiçijek sebäpden aýrylandyr, ýa-da oglan 2 gün idän däldir welin aýrylandyr, bular möhüm zatlar. "Nädip bileli" diýmegiňize gerek ýok ýigitler, maglumat jemläp bilmek aňsat. Esasanam joralary köplenç dogry zatlary aýdagan bolýar.
Bir aýalyň emosional güýji mydama şol bir derejede durmaýar. Bir oglan bilen gürleşer, baglanmak kuwwaty bir dereje peseler, ýene biri bilen gürleşer ýene bir dereje peseler, şeýdip-şeýdip baglanyp bilmeýän bir aýala öwrülýärler we emosional taýdan edil robot ýaly kişiler bolýarlar. Bularyň iň howplulary bardyr, olam biri bilen jynsy gatnaşyga girenler. Bulam möhümdir.
Etmeli zadyňyz: durman maglumat toplaň. Gaty ýiti gözleşdiriň, hemme kişiden soraň, hemme kişiden. Näçe köp maglumat, şonça-da gowluk. Bolmasa siz kösenersiňiz. Ýanan diňe siz bolarsyňyz.
4. Ýeňlesler.
Bular köplenç birinji maddadakylar bolýar ýöne tapawudy bar. Bu kişiler ýeňil kişiler, hatda şeýlebir ýeňil welin howada gaýyp ýörler. Siz 2-3 gowy söz diýseňiz-ä göni ganat çykyp uçuberýärler. Gaty daşda durmaly bulardanam. Bularyň birinji aýratynlygy düşünjesiz bolmagydyr. Düşünjesi gaty erbet ölüdir. Özüne degişli ne pikiri, ne düşünjesi, ne bir dünýägaraýşy bardyr. Kelle boşdur, jahyldyr. Diňe boş-boş gürläp, boş-boş gülüp, hikirdeşip ýörendirler. Ýene bir aýratynlyklary gybatçydyrlar. Gaty kän gybat ederler. Mysal üçin Jelil barada bir täzelik barmy, 2-3 sagatlap şony gürleşerler aralarynda. Ýa-da bir oglan barada gep çykdymy, şony ara alyp, döwlet meselesi çözýän ýaly gürleşerler. Özem gülüp, hikirdeşip gürleşerler. "Gyyy", "goýaýaaaaa" ýaly sözler tanyşmy size?
Bu kişilerem tanamak kyn düşüp biler. Sebäbi hemme gyz bir maska bilen gezýär. Bularam "agras" maskasyny geýse näme etjek? Daşyndan agrasdyr ýöne tanamasaň bilip bolmaýar. Aýallar özüni gizlemekde gaty başarjaňdyr, muny unutmaň. "Tanadym" diýeniňiz aslynda düýbünden beýle däl bolmagy mümkin. Şol sebäpli ýene ýerine ýetirmeli zadymyz: maglumat. Köpüsini tanamak gaty aňsatdyr, sebäbi iki gezek gürleşeňde hem belli bolar. Ýöne käbiri gaty gizlindir.
Ýeňlesler bilen alçak, göwnaçyklary biri-birine garyşdyrmaň. Alçak kişilerin gepi sözi ýerindedir, adamlar bilen gatnaşygy gowudyr we kän duşmany ýokdur. Adamlar bilen gowy gürleşer we mylakatlydyr. Ýöne ýeňlesler beýle däldir, hökman duşmanlary bardyr (sebäbi gaty gybatçy), diňe boş zatlary gürleşerler we ýok ýerden "ähähähähähä" edip gülerler.
Ýeňles gördüňizmi, arkaňyza seretmän ökjäni göteriň.
Bular meniň taýynlan maglumatlarym. Aslynda bular gaty kän. Men size käbirlerini aýtdym. Bu kişilere gabat geleňizde gaty üns beriň. Sizi sebäpsiz ýere terk edip bilerler, ikilik edip bilerler, aldadyp bilerler. Şeýlelik bilen çöken diňe siz bolarsyňyz. Bu maglumatlary tapmak kyndyr. Maňa sagbolsyn aýdyň we "like" basyň.