Dostuma hat ...
Her dogan Gün dogup dursa señ üçin,
Çogup dursa dagda daşlardan çeşme.
Baglar meniñ goşgularma heñ üçin,
Ösýär diýseñ.
Agşamky şygrymdan agşam habarly,
Dañdankydan habar barsa dañ bilen,
Tebigy - telefon, şemal meñ bilen,
Ösýär diýseñ.
Täze şygrym - meniñ täze pyşyrdym,
Gazet ýaly gulaklañda ýañlanyp.
Kitap ýaly ýüregiñde çap bolsa,
Ösýän diýsem.
... Eýsem saña şular ýeterlik dälmi?!
L'autore: Laçyn Pürjäýewa