Talyp dünýäde iň beýik başgap ýasady.
ABŞ-da talyp dünýäde iň beýik şlýapa ýasap, ony geýip gezelenje çykdy diýip, «Gazeta.ru» habar berdi. Pensilwaniýadan bolan Joşua Kiser dünýäde iň beýik başgap ýasamak bilen, Ginnesiň rekordlar kitabyna girmegi başardy.
Ýagny geň başgabyň beýikligi 5 metr bolup, talyp ony ýasamaga COVID-19 ýokanjyndan hem öň girişdi. Joşua Ginnesiň rekordlar kitabynyň saýtynda äpet şlýapaly erkek kişiniň fotosuratlaryny görenden soňra, ondan hem ozdurmagy göwnüne düwdi.
Kiser şlýapany ýasamakda kynçylyklara duçar boldy. Ol ilkinji synanyşygynda karton kagyzlardyr ýelmeşgiçlerden peýdalandy, emma garaşan netijesini alyp bilmedi. Ol soňra agaç oklary ulandy, emma olar hem agyr bolup çykdy.
Ahyry Joşua ýeňiljek ternawlary we zibil gaplaryň böleklerini peýdalandy. Olary kebşirleýiş köpürjigi bilen berkitdi we Santa-Klausyňky ýaly gyzyl mata bilen gurşady.
TurkmenPortal.com