alma___
28.09.2024 06:51
Manyly gep

Baba lakgy diýen bir adam bar ekeni. Ol gepe-söze ökde, örän dilewar adam bolanmys. Ony gep-sözde hiç kim ýeňip bilmeýär eken. Ginlerde bir gün biri ony sözde ýeňmek üçin:
- Baba aga, müň geplän öler diýýänleri dogrumydyr?- diýip soran
- Dogrudyr! - diýip, Baba lakgy jogap beren.
- Dogry bolsa, size näme üçin hiç zat bolanok? Siz her oturanvňvzda hem müň dagy gepleýärsiňiz?!
Baba lakgy onuň aýtjak bolýan zadyna düşünip:
- Maña hiç zat bolmaz, sebäbi men näçe geplesem hem manyly gepleýändirin. Manyly sözlerden ýüz müňüni gepleseň-de ölmersiň. Eger
bimany gepleseň welin, ol-a müň gep ekeni, bir gepden soň hem ölmegin
mümkindir!- diýip. ýylgyryp jogap beren.
Ýerlikli hem dogry geplemek adama köp peýda berýär.
10
108
alma___
28 Sentýabr 2024
@ideallider, menem şeýledir öýtýädim
ideallider
28 Sentýabr 2024
@zumer_chas, ýadyma düşenok. Mümkin ýazandyryn😄
ideallider
28 Sentýabr 2024
@alma___, arrrrrkaýyn bol. Ony barlamadyk oglan ýok "Men urulupgörmedim" diýen oglan diňe bäbekdir😄
matsuriken
28 Sentýabr 2024
@zumer_chas, eddil özi
matsuriken
28 Sentýabr 2024
Eddy Murphy niň "A Thousand Words (Müň söz)" kinosy ýadyma düşdi...
gula
28 Sentýabr 2024
Adamlar üçin geplemegimi bes edip diňe özüme gerek yerinde geplemegi özüme endik edenim bäri dogry gepleyanime ynanyan:)
matsuriken
28 Sentýabr 2024
Geplemek diýen düşünjäniň manysy ýitýär, esasanam Türkmenistan ýaly seni dymdyrmaga çalyşýanlaryň ýurdunda
alma___
28 Sentýabr 2024
@ideallider, synanyşyp gördiñizmi 😄 Meselem ýaş wagtyñ
ideallider
28 Sentýabr 2024
Ýerlikli hem dogry geplemek adama köp peýda berýär, sebäbi ýalňyş gürržňde dişler döwülýär, gözler gögerýär we burun ganaýar. Plýus köp çapyklar😄👍
okyyjy
28 Sentýabr 2024
@zumer_chas, ýerin bilmän sözleseň, dildir başyň belasy.
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.