orazow96
27.09.2024 21:05
Men saña öñem aýdypdym, aýdaýyn ýene.
Bir ömürlik goýup kabe deñinda.
Kemala getiren enäñ öñünde.
Ýüzüñi çytyp, bat bermegin sesiñe
Hic haçan, hiç zadyñ hatyrasyna.

Onsoñ hem, söz güldürer gülmejek gyzam.
Söz, getirer asla gelmejek gyzam.
Ýöne birje haýyşym, almajak gyzyñ .
Degmegin gymmatly ar namysyna.
Hiç haçan ,hiç zadyñ hatyrasyna.

Bir arzuw astynda ýatyp oýanyp.
Kyn günüñde sütün kimin söýenip.
Iki günluk gelen şana daýanyp, köne dosduñ ýakasyn gysma , gysma.
Hiç haçan,hiç zadyñ hatyrasyna.

Sen adam bolup geldiñ, adamdeý ýasha.
Sözlañde-de çykmagyn çeniñden aşa.
Haram eti çeýnap,zor berip dişe
Ynsabyñy satma zer bahasyna.
Hiç haçan,hiç zadyñ hatyrasyna.

Awtory : Kerim Hallyýew
9
50
orazow96
27 Sentýabr 2024
@okyyjy, dogry
orazow96
27 Sentýabr 2024
@Miss_Minnosh❤️, sagbol laýygyña@zumer_chas, biljega ýok hezillik diýanmi
Miss_Minnosh❤️
27 Sentýabr 2024
@okyyjy, 🤣🤣🤣
Miss_Minnosh❤️
27 Sentýabr 2024
@orazow96, son un men bassym diymeli men basypdyrn bu posta😁
orazow96
27 Sentýabr 2024
Kimiñ laýk basýanynam bilip bolmaýan bolup galdy😔
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.