Bu gyzlardan uzak dur
1. Ünse aşyk bolanlar.
Aýallaryň iň ejiz ýeriniň üns, ýagny gyzyklanmadygyny bilýäňizmi? Muny 15 müň aýal-gyz bilen işlän Adyl Ýyldyrymam aýdýar. Ol eger-de bir gyza däli ýaly üns berseňiz ony yrmagyňyz 2-3 hepde alar diýýär. Muny çykan her programmasynda-da belläp geçýär. Adyl muny aýtmasa-da aýallaryň ünse aşykdygyny gaty kän kişi bilýär. Menem size şu ýerden duýduraýyn. Eger bir gyz ünse aşyk bolsa, diňe "maňa seretsinler", "meniň bilen gürleşsinler", "meniň bilen gyzyklanmaly", "diňe meni tassyklamaly" diýip ýören bolsa, sähel üns berilende derrew üýtgeýän bolsa, ol gyzdan size haýyr gelmez. Sebäbi bu kişiniň ejiz ýeri gyzyklanma. Eger-de siz onuň bilen bir ýola girseňiz, ýa-da durmuş guraýsaňyz, başga kişileriň däli ýaly ünsi zerarly size dönüklik edip bilerler. Üns berýän oglan dagy gelşikli, pullurak bolsa dat günüňize. Bu diňe real durmuşda däl. Wirtualdaky ýagdaýyna hrm seretmeli bolýaňyz. Eger yzarlaýjysy 2-3K we ondan ýokarsy bolup, özi hem üýtgeşik suratlar (dodagyny her hili edýän, öz bedenini her hili ýagdaýda görkezjek bolýan, müň dürli eşik geýýän) paýlaşýan bolsa, arkaňa seretmäň gaç. Sebäbi bularyň hassalygy ünsdir we 2-3K adamlaryň içinden azyndan 500 kişi ýazýandyr. Siz "men alsam düzederin" diýip bilersiňiz. Ýöne siz onuň gyzyklanma mätäçligini kanagatlandyrmasaňyz arkaýyn başga birine gidip bilerler. Sebäbi aýallaryň iň ejiz ýeri şol.
2. Pula aşyk bolanlar.
"Muny bilmeýän barmy" diýip bilersiňiz, hak aýdýaňyz. Ýöne bularyň sanynyň pikir edişiňizden gaty erbet kändigini bilýäňizmi? Hatda size şuny aýdaýyn: köp gyz baý we pully birini isleýändigini özine aýdanok, ýagny özüne ýalan sözleýär. Şol sebäpli "akylly, meni söýýän biri bolsa bolýar" diýen kişilere-de üns beriň.
Üýtgemeýän bir düzgün bar: pul üçin gelen, pul üçin gider. Belki agzanyňam aslynda pula höwesekdigini aýtsam, ynanarmysyňyz maňa? Men şony agzamda "pul üçin gelen näme üçin pul üçin gitsin" diýip, akyla sygmajak jogap beripdi. Jogaby bolsa şol sözlemiň içinde, sebäbi PUL ÜÇIN geldi.
Ynsanyň maddy ýagdaýy mydama şol bir durkunda durmaýar. Başyňyza kynçylyklar gelip biler, iň kyn günleriňiz gelip biler, hatda ullakan kompaniýalaryň hem birden çökýändigini we gaty sokulýandygyny köpüňiz bilýänsiňiz. Şular ýaly ýagdaýda eger ýanyňyzdaky pul üçin sizi söýen bolsa, sizi bellibir wagtdan soň taşlar we bir zarba hem ol ýerden alarsyňyz. Siz başagaý bolup durkaňyz ýene bir gezek çökersiňiz.
Adyl Ýyldyryma bir programmada birtopar profil (ýagny gelşikli we akylly, gelşiksiz we pully ş.m) aýdýarlar we bularyň haýsysyna üns bererler diýýärlär. Adyl Ýyldyrym ençeme profiliň içinden diňw pullularyň syrtlanlar bilen (ýagny babnikler) ýaryşjakdygyny ýöne ýene-de pullularyň gazanjakdygyny aýdýar. Sebäbem "bu döwür pul döwri, şu döwri göz öňünde tutup aýdýaryn" diýýär.
Pully aşyk bolanlary aňsat tanap bolmasa-da tanamak gaty kynam däl. Bu ýagdaýda ýene iş size düşýär we gatnaşyga başlamankaňyz gowy analiz etmegiňiz gerek.
Dowamy bar