Soñy
-Sen söz beren bolsaň, toýuňy
futuber. Aslynda seniň söyýäniň dälde, seni söýýän bilen durmuş gursaň, gowy diýýärler. Bolmanda-da
sowukda üşäp otyrkaň bir ýerde ot ýansa, isleseňem, islemeseñem, oňa
çoýynarsyň. Şonuň üçin başyňy belent tut-da, toýuň ugruna çyk. Beýdip
müzzermek erkelk adama gelşenok - diýdim. Ol meni eşitmeýän ýaly:
-Men sensiz ýaşamak islämok-diýdi. Men gatyrak bir zat diýmäne
çekinsemem, gaharym gelenson, saklanyp bilmedim:
-Sen näme diňe özüň barada pikir edýärsiň? Sen meniň bilen toý etjek diýip, başlanan toýy ýatyrsaň,
uly höwes bilen toýa taýýarlanan gyz näme etmeli bolar? Ol barada oýlanmadyňmy ? Ýa senden
başgalaryň duýgusy hiç zatmy? diýdim. Soňam ýalan sözledim:
-Menem basym durmuşa
cykýan. Bile okaýan oglanyma.
Şonuň üçin sen gatam görme,ahmyram etme, arkaýyn toýuňy tut.
Ondan bäri on ýyl geçdi. Şol
mynasybetli mekdepde bile okan synpdaşlarymyz duşuşyk guradylar. Oňa Allaberdi gelmändir.
Göwher welin gelipdir. Ol meni bir çeträge çagyryp:
-Jeren, seniň bilen azajyk gürüňim bar- diýdi. Men oýunlyga salyp:
-A gyz, meniň hiç kime dawam ýok, indi beri rahatlansana diýdim. Ol gara çyny bilen:
-Meni diňle, meňem indi hiç
kime dawam ýok. Ýöne şu zatlary saňa aýtmasam, ynsabym ynjalyk
berenok - diýip, bihili müýnürgeyän ýaly söze başlady.
-Meni bagyslamazlygyň hem mùmkin,goýberen ýalñyşlygym üçin bütin
ömrüme ýanyp geçmeli boljagymy bilen bolsadym, beýle etmezdim.
Dokuzynjy synpda okap yörkäk Allaberdini senden gabanyp, oña seniñ adyňdan sögünçli haty men
ýazdym. Soñra bolsa, -Allaberdi şol hatdan soň hassa boldy- diýen
gürrüñi ýaýradan hem men. Bibä saňa hat yazyp ugrat diýen hem men. Gyzlar bolup seni ýekesiretmeli diýen teklibi girizen hem men. Şol wagtlar Aýsoltandyr Bibi dagymyz
Allaberdini senden sowaşdyrmak
üçin hemme zada taýyndyk. Sebäbi biziň hemmämiz ony gowy görýärdik. Ol bolsa diňe seni halaýardy.
Göriplik biziň gözümizi gapdy. Seniň ejeň hemişe «Garagoluň zyýany ile,
göribiň zyýany özüne ýeter" diýerdi welin şol cyn bolup çykdy. Men synpyň
gyzlarynyň elýetmez hasaplaýan
oglanyna durmuşa çykyp, hemmelerden bagtly bolaryn öýdyärdim.
Emma aldaw bilen bagtly bolup bolanok eken. Men Allaberdi bilen
näçe ýyl ýaşan bolsam, sen hem hemise biziň bilen yaşadyñ. Men
ony senden alan hem bolsam,söygüsini alyp bilmedim. Seniň
adyňdan hat ýazanyň mendigini aýdanymdan soň ol maňa saňa toý
tutaly diýip baranynda seniň aýdan zatlaryňy gürüň berdi. Sen özüňden
geçip, meniň aladamy edipsiň, a men bolsa... Ol meniň bilen diňe
çagalar üçin ýaşaýandygyny aýtdy.
Seniň Aşgabatda döwletli maşgalaň bardygyny eşitdim. Belki bu saňa
Allanyň akýürekliligiň üçin beren peşgeşidir. Ýaşlygymda goýberen
ýalňysym üçin men bütin ömrüme ezýet çekip ýaşamaly boldum. Eger de men durmuşda beýle zatlaryň bolýandygyny bilen bolsadym..
Eger başarsaň, meni bagyşla!
Meniň Göwhere nebsim agyrdy.
Şol wagt könelerimiziň «söýmedige süýkenme» diýen aýtgysy ýadyma düşdi. Söýgi diýilýän duýgyny köpler ýöne oýun hasap edýärler. Emma onuň ynsanyň başyna
salýan oýunlaryny göreniñde welin,oňa ýöne ýerden «ataş» diyilmändigine göz ýetirýärsiň...
Oguljahan Sopyýewa