alma___
27.09.2024 07:11
2 bolüm

Okuwçylaryň arasynda bu barada her hili gürüň
ýaýrady. Hamala men Allaberdä hat ýazanmysym, $ondan soň ol
hassa bolanmysyn. Göwher bilen onuň joralary «Eger şoňa bir zat bolaýsa, seniň ýüzüňi görmeris» diýip
meni gönümel günäkärlediler. Men
bolsa bu zatlaryň näme üçin beýle bolýanyna düşünmeýärdim. Men
Allaberdä üýtgeşik zat diýmändim ahyry. Mekdepdäki gürüňler, gyz-
Iaryň ýekesiretmekleri meni gysyp-gowrup barýardy. ôň bir günem okuwdan galmaýan, diňe ýokary
okuw jaýyna girmek arzuwynda ýaşaýan halyma indi men öýden
çykmaýardym. Men beýle gürüňleriň agalarymyň gulagyna ilerinden
hem çekinýärdim. Bir gün Bibiniň jigisi Şemşat bir hat getirdi. Ol hatda
«Binamys, biziň bütin tohumymyzyň
ýüzüni ýere saldyň, diňe bir Öz doganlaryň däl, meniň agalarymyň hem ile çykarlygy galmady», Ozal
hem özüme ýer tapman oturan halyma bu hat has erbet täsir etdi. Meniň
oýlandygymça barha howum basyldy. Maňa bu zatlardan baş alyp
cykmak juda kyndy, kimdir biriniň maslahatyna mätçdim Öýmizdåkilere bolsa aýtmaga gorkýardym
Men dogrudan hem özümi günäkar saýyp başladym.
Allaberdi esli wagtlap dügekde ýatdy. Ýöne nämede bolsa, wagtyñ
geçmegi bilen aýak üstüne galdy.
Okuwyny dowam etdirdi. Men hem uniwersitete okuwa girdim. Okap
ýören döwrümizde
hem ol bir gezek ýanyma gelip şol öňki gürrüňi
gozgady.Men bir gezek sol
sebäpli ejir çekenimdenmi,
nämemi onuň bilen
gepleşesim gelmedi.
Ýüregimde birhili
gorky ýaly düşnüksiz
duýgy döredi. Men oňa hiç
wagt meniň ýanyma dost hökmünde-de, başga
adam hökmündede gelmezligini
aýdyp, öz otagyma girdim. Şondan
soň ol tä okuwymnyzyň soňky ýylyna geçýänçäk gara bermedi. Dogrusy.
ol meniň ýadymdanam çykypdy.
Emma okuwyň soňky ýylynyň başynda ýene-de meniň ýaşaýan
ýerime geldi. Ol örän naýynjar görünýärdi. Sözüniň başyny näme-
den başlajagyny bilmän esli wagilap dymyp durdy. Birdenem:
- Bilýäňmi, meni öýlendirýärler
-diýdi. Men: -Bagtyň bolsun!
diýdim.
-Hawa, ýöne meniň oňa däl,
saña öýlenesim gelýär. Şu çaka çenli diñe seniň bilen toý ederin
diýen umyt bilen ýaşadym...
diýdi-de, ýüzüme naýynjar seretdl.
Onuň bolup durşy gaty nebsiagyryjydy. Men gödegräk bir zat
diýmekden çekindim. Onuň bolup
durşy gözgynydy. Men:
-Sen Göwher bilen halasyp ýörsüň dälmi näme?-diýdim. Ol
-Men oňa dine men diýip özelenip ýörşüne nebsim agyryp hos
söz beripdim. Edil beýle cynyrgar öýtmedim -diýdi. Ol edil aglaýjak bolýardy. Men ony beýle ejizdir
öýtmändim. Onuň bolup durşuna gaharym geljek boldy. Men oña:
-Sen söz beren bolsaň, toýuňy tutuber. Aslynda seniň söyýäniň dälde, seni söýýän bilen durmuş gur-
saň, gowy diýýärler.

dowamy bar
12
67
okan
27 Sentýabr 2024
👍👍👍
alma___
27 Sentýabr 2024
@okyyjy, dogry
okyyjy
27 Sentýabr 2024
...gowy diýýäler +diýdim.
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.