Optimizm zyýanly täsir edende 1Häzirki wagtda oňyn pikirlenmegi hem-de durmuşa optimistik garaýyş bilen seretmegi ündeýän çagyryşlary örän köp eşidýäris. Sosial media ulgamynyň sahypalary meseleleri çözmek we üstünlik gazanmak üçin pozitiw bolmagyň ähmiýeti baradaky maslahatlardan doly. Käbir adamlar şowsuzlyklaryňyz barada gürrüň bermegiň negatiwligi döredýändigini, munuň bolsa öňüni almalydygyny aýdýarlar.
Pozitiwlige bolan bu tendensiýanyň ylmy kökleri bar. «Pozitiw psihologiýa» — bu keýpiçaglylygyň peýdaly taraplaryny öwrenýän gözlegiň ugry. Bu babatda geçirilen barlaglar optimistik adamlaryň stres bilen has oňat göreşip bilýändigini, olarda depressiýanyň pesdigini, şeýle-de, umuman, aň taýdan sagdyn bolýandygyny görkezýär.
Şeýle-de bolsa, Awstraliýadaky Kwinslend uniwersitetiniň işewürlik mekdebiniň gözlegçisi we mugallymy Lukas Diksonyň belleýşi ýaly, köp bilermenler netijelerini aşa umumylaşdyrmak we ýönekeýleşdirmek üçin oňyn psihologiýany tankytlaýarlar.
Çendenaşa pozitiw bolmagyň ýaramaz täsiri
Pozitiw psihologiýa akyl saglygy durnukly bolan adamlar üçin peýdaly bolup biler, onuň netijeliligi çynlakaý psihologiki kynçylyklara ýa-da durmuşyň kyn ýagdaýlaryna duçar bolýanlar üçin çäklidir. Şeýle ýagdaýlarda, psihoterapiýanyň däp bolan usullary, mysal üçin kognitiw-özüňi alyp baryş terapiýasy has täsirli bolup biler
Mundan başga-da, akyl taýdan näsazlygy bolan adamlar üçin «pozitiw pikirlenmek» baradaky maslahat diňe bir peýdasyz bolman, eýsem zyýanly hem bolup biler.
Sosial media we internet-inflýuenserler köplenç hemişelik pozitiwligiň ideallaşdyrylan keşbini kada hökmünde öňe sürýärler. Bu adamlaryň durmuşdaky kynçylyklara (ýakyn adamyňy ýitirmek, işiňi ýitirmek ýa-da gatnaşyk müşgillikleri) bolan tebigy jogaplaryna nädogry ýa-da ýaramaz garamagyna sebäp bolup biler. Netijede, duýgularyňyzy basyp ýatyrmak ýa-da inkär etmek endigini döredip bilersiňiz, bu bolsa meseläňizi hasam kynlaşdyrýar.
Gözlegler hiç zat barada pikirlenmezlige synanyşmagyň köplenç ters netije berýändigini görkezýär. Mysal üçin, 2001-nji ýylda geçirilen bir synag adamlardan gyrmyzy pil hakda pikir etmezligi haýyş etmegiň olaryň bu barada has köp pikirlenmegine sebäp bolandygyny görkezdi. Bu Karl Ýunguň «garşy çykýan zadyňyz aňda saklanýar» diýen sözlerine gabat gelýär.
Geçirilen ygtybarly gözlegler pozitiw pikirlenmek arkaly kynçylyklardan gaça durmaga synanyşýan adamlaryň uzak wagtlyk has köp aladalary we depressiýa ýagdaýyny başdan geçirip biljekdigini görkezýär.
Ähli durmuş ýagdaýlarynyň diňe pozitiw çemeleşmäni talap etmeýändigine düşünmek möhümdir. Käwagt meselä hakykata laýyk seretmek has täsirli bolup biler. Ýaramaz duýgular hünärmen kömegine ýüz tutmak ýa-da gatnaşyklara täzeden garamak üçin esas bolup biler.
Netijede, emosional aňlatmagyň möhümdigini ýatdan çykarmaly däldir. Käwagt adamlara negatiw tejribelerini gaýtadan işlemek we güýçli duýgularyny ýeňip geçmek üçin gürleşmek zerur bolýar.
Türkmenportal :