Abonetiñ telefony öçürlendir... Sen nirde?!
Sen nirede
Şu hal dara-direde
Şeýlebir sesiñi eşidesim gelýär
Sen bolsa arzymyñ ýeterinden daş
Aşyk bolan ömrüñ eşretin bilýär
Diñläsim gelýär seniñ saz ýaly sesiñ
Dem alşyñy, aýnaýşyñy, gülkiñi
Sen bolsa ret edip yşkym tütedip
Men aşyk pälimi, şahyr küýümi
Bitaý kapyýa deý özüme goýýañ
Ah, şol telefonuñam edebi öçük.
Men bolsa bir seniñ sesiñ küýseýän
Bar zatlañ, ýok zatlañ baryndan geçip...
Aýlanyp-aýlanyp özüme gelýär
Gulaga öwrülip diñleýän jañlam.
"Abonetiñ telefony öçürlen..."
Wah şuwagt ýüregmi şu jaña dañsam
Telefonñy açyp goýar el bile.
Diñe saña duşup ejizledim men
Sözüm ýele berdim, ömrüm ýelgine..
Bir ädim ýanymda dem alan günleñ
Düýşüñe girenim gürrüñ bereñde
Günler zybrym mensiz duşuñdan geçip
Mahal-mahal ,,SMS" - lem göreñde...
Bir gün eşiklerim eýesiz galyp
Senem özüñ ýetim ýaly duýmasañ
Isleýşimçe söýen dälsiñ ezizim,
Eden jañlaryma hormat goýmasañ!
Aýtmadyk sözleriñ ýürege sygman
Soñky deme çenlem ýetmän takadyñ,
Agy bolup bokurdagña direse
Pyşyrdylañ barar maña jañ bolup
,,Sen nirede, sen nirede, nirede...?"
~ Seýitmyrat Geldiýew