alma___
26.09.2024 17:14
Hekaýa
1 bölüm
Allaberdi meniň bilen bäsleşip okaýardy. Men Aýlar hem Jeren atly
synpdaşlarym bilen joradym. Entek
7-nji synpda okaýarkam kakam aradan çykypdy. Men şonda binäçe
günläp okuwdan galdym. Mekdebe gelenimde, maňa ilkinji bolup Allaberdi göwünlik beripdi. Sapak
başlandy. Allaberdi bir depderiň içinde kagyz goýdy-da, ony maňa
uzatdy. Hatda: «Jeren, seni gömedigime 10 gün boldy» diýlip ýazyIypdy. Men Allaberdä garap:
-Men 8 gün galdym ahyryn-
diýdim. Allaberdi:
-Iki sany ýeksenbe hem geçd-ä
diýip jogap berdi. Sekizinji synpy
tamamlanyndan soň kakasy Allaberdä oba hojalyk tehnikuma okuwa
girmekligi maslahat berdi. Ol şeýle hem etdi. Bir gün men öye berlen
ýumuşlarymy işlemek üçin sumkamy
açamda onuň içinde «Jerene diýen
ýazgyly bukja gözüm düşdi. Haty ejemiň ýa gelnejemiň göräýmeginden howatyr edip, gapyny içinden gulplap okadym. Hatda Allaberdi
meni öňden bäri halaýandygyny,
ýöne aýdyp bilmän gezendigini ýazypdyr. Men haty uşajyk bölejikle-
re bölüp taşladym. Biraz wagtdan soň şol mazmunly hatlardan ýene
birnäçesi geldi. Men olaryň hiç birine
hem jogap ýazmadym.
Bir gün men okuwa gelenimde synp otagymyzda 3-4 sany gyz
synpdaşlarym maňa garaşyp oturan eken. Aysoltan maňa:
- Seniň bilen gürrüň bar–diýdi.
Göwher bolsa aglamjyrap, daşaryk cykyp gitdi. Men:
- Wiý, näme bolýandygyny
düşündiriň-dä - diýdim. Gyzlaryň
arasynda meniň doganoglanym
Bibi, goňşymyz Dürli we ýene bir-iki
sany gyz bardy.
Aýsoltan söze başlady.
- Sen Allaberdi bilen
söýüşýämişiň
diýip eşitdik.
- Kimden eşitdiňiz?
-Onuň tapawudy ýok.
- Hä şeýlemi?
A meniň
söýüşenimiň-
söýüşmänimiň
size näme dahyly bar?
-Sen näme
bilmediksireýäň?
Allabedini
Göwher söýýär. Ýöne
ol ençeme gezek
söýgüsini duýdursa-da, ol Göwheriň hatyna jogap
berenok-da, saňa hat ýazýarmyşyn.
Meniň gyzlaryň gürrüňine birhili gülkim tutdy. Men:
-Indiki gezek haty Göwheriň
salgysyna iber diýäýerin - diýdim.
Bibi ara goşuldy:
- Sen oýun eden bolma, eger Allaberdi saňa öýlense, Göwher «özümi öldirin» diýýär. Gyzlaryň bu
gürrüňi meniň ýüregime düşdi. Men:
-Gyzlar hanha Allaberdi, hanhada siz. Meniň entek durmuşa cykmak niýetim ýok. Men ýokary okuw
jaýyna okuwa girmekçi. Şonuň üçin
sizem, Göwherem arkaýyn bolup bilersiňiz-diýdim.
Men Allaberdiniň soňky hatyna çyniakaý gaýtargy ýazyp, gaýdyp
maňa hat ýazmaz ýaly etmegi makul bildim. Şeýle-de etdim. Şondan
bir aý töweregi wagt geçeninden
soň, Allaberdini agyr ýagdaýda keselhana düşdi.

dowamy bar
13
118
gula
26 Sentýabr 2024
Garaşýas...)
orazow96
26 Sentýabr 2024
@okyyjy, 👍
orazow96
26 Sentýabr 2024
@okyyjy, ahal tejen
orazow96
26 Sentýabr 2024
@okyyjy, nirden ozuñ
orazow96
26 Sentýabr 2024
@okyyjy, ozuma dogrusy turuk kino halamok many tapyp bilmamsoñ gyzygyp bilemok
orazow96
26 Sentýabr 2024
@okyyjy, sen naçinji ýl
orazow96
26 Sentýabr 2024
@okyyjy, howwa oýlenaýen wagtyñ bir serýal bashlaýsa shol gutarýança cagalaña ýetishjek
orazow96
26 Sentýabr 2024
@alma___, olar ýaly kino bolsa gaty gowy degýa weli bashgada serýal kinolar bar inda shu serýasynda belli bolar diýañ belli bolmaly ýerinde gutarýan kinolar hekaýañyzada shonýaly swyrsyzlyk bn garashýan
alma___
26 Sentýabr 2024
,,Kuruluş Osman " göreniñe degýä taryhy kinolar
orazow96
26 Sentýabr 2024
Turuk kinolarny kopurak gorýäñiz öýtýän
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.