Dolce & Gabbana itler üçin atyr çykardy: onuň bahasy €99.
Dolce & Gabbana itler üçin atyr çykardy: onuň bahasy €99
Italiýanyň Dolce & Gabbana moda öýi täze önüm – itler üçin alkogolsyz atyr çykardy. Domeniko Dolçeniň söýgüli itiniň hormatyna atlandyrylan hoşboý ys – Fefe düzüminde ilang-ilangyň, muskusyň we sandal agajynyň notalaryny saklaýar diýip, The Guardian ýazýar.
Atyr çüýşesi 24 karat altyn bilen örtülen penje yzy bilen bezelen. Täze önümiň bahasy 99 ýewro barabar.
Dolce & Gabbana moda öýüniň wekilleriniň aýtmagyna görä, atyr “gürrüňsiz söýgini”, “wepalylygy” we “şadyýanlygy” alamatlandyrýar. Şeýle-de bolsa, bu önüm babatda hemmeleriň pikiri deň däl.
Haýwanlary zulumdan goramagyň patyşalyk jemgyýetiniň (RSPCA) uly ylmy işgäri Elizabet Potter ýiti yslaryň itler üçin ýaramsyz bolup biljekdigini aýdýar. Ol itleriň aragatnaşykda öz ysyrganmalaryna bil baglaýandyklaryny, şonuň üçin olara ýaramajak ysly önümleri ulanmagyň gerek däldigini belledi.
Dolce & Gabbana itler üçin atyr çykaran ilkinji brend däl, 2007-nji ýylda Londonyň Harrods dükany itler üçin atyr çykardy, Britaniýanyň Space NK riteýleri we L’Oreal-a degişli bolan Kiehl’s eýýäm birnäçe ýyl bäri haýwan tüýi üçin spreý çykarýar.