Türkiýede «Samsung» gulaklygy gyzyň gulagynda partlady.
Türkiýede «Samsung» gulaklygy gyzyň gulagynda partlady
Türkiýeli gyzyň gulagynda «Samsung Galaxy Buds FE» gulaklygy partlap, ony doly ker etdi. Emma ejir çekene kompaniýadan hiç hili öweztölegini almak başartmady. Bu barada «GizmoChina» neşiri «Samsung» kompaniýasynyň Türkiýedäki wekilhanasyna salgylanyp, habar berdi.
Gyza «Galaxy Buds FE» gulaklygyny sowgat beren ýigit enjamy «Samsungyň» hyzmat ediş bölümine eltdi, emma oňa hiç hili öweztölegi däl-de, enjamy çalşyp bermek teklip edildi. Ady tutulan neşir bu teklibi gyzyň saglygyna zeper ýetirilendigi sebäpli ýerliksiz hasaplaýar. Bu ýagdaý öň «Galaxy Note 7» enjamynyň partlamasy bilen bagly ýagdaýy ýatladýar, şonda «Samsung» öz enjamlaryny yzyna alypdy.
Şunuň bilen baglylykda, kompaniýa wakany jikme-jik seljerip, geljekde «Galaxy Buds FE» enjamy bilen bagly şeýle ýagdaýlaryň gaýtalanmazlygy üçin aladalanar diýlip garaşylýar.
Gyza gulaklygy sowgat beren ýigit kazyýete ýüz tutup, adalaty gazanmakçy diýip, «Gazeta.ru» ýazýar.