SORAG-JOGAP
-Haýsyka adamy bezeýān gylyk?
- Akyla utgaşan, ýumşak sadalyk.
- Haýsy gylyk bize durmuşda duşman,
-Göripligiñ soñy iñ elhenç puşman.
- lñ hormat, sylagly adamlar kimkä?
-0z-õzüne hormat goýýan adamlar.
Ýeri gelse, öz gamyny unudyp,
ll derdini ilki duýýan adamlar.
-Kime diýip borka "akylly" diyip,
-Akylsyza jogap bermejänlere.
-A kime diýip bor "ýakymly" diýip,
-Señ erbet tarapyň görmeyānlere.
- Kimler bolar şany-şöhratyñ guly?
- Nebsiniñ düýbüne ýetmeýän adam.
- Kim dünýāniñi iñ garyby, ýoksuly.
- Milýony bolubam ýatmaýan adam.
- Seniñ pikiriñiçe iñ ajy gözýaş?
-Harlanan enäniñ- atanyn ýaşy.
Ejiz çaganyñ hem naçar zenanyň,
Hemem giç duýulan hatanyñ ýaşy.
- Dünýä taryhynda iñ gowy döwür,
- Ýaşalmadyk dõwri mümkin däl bilmek.
- Haýsyka owadan ýaşalan ömür?
Saglykda ýaşamak, dert bolman òlmek.
Awtor. bilemok