Hawa, kagyzy mundan 2000 ýyl töweregi häzirki Hytaý döwletiniň çäginde ýaşaýan, ol wagtlar bolsa Gün imperiýasyna degişli, häzirki wagtda hem salyr türkmenleriniň ýaşaýan mekany Gansu welaýatynda oýlap tapýarlar. (Gansu – bu häzirki hytaý dilinde atlandyryjy bolup, ol welaýatyň ady hakyky türkmen dilinde Kän suw diýmekdir)». Mirasy öwreniji Juma Ataýew kagyz sözüniň gelip çykyşy hakynda-da gyzykly pikirleri öňe sürýär: «... aslynda kagyz sözi käbir türkmen alymlarynyň tekrarlaýşy ýaly, arap-pars sözi däl-de, ol gadymy türkmen sözi. Ony ýewropaly alymlar hem ykrar edýärler. Daşary ýurtly alym kagyz sözüniň türkmen sözüdigini nygtap duran wagty näme üçin biz ony inkär etmeli?! Dogry, häzirki zaman pars dilinde hem türkmen dilindäki «kagyz» sözüne kagyz diýýärler. Sebäbi ol söz türkmen dilinden goňşy pars diline hem geçen bolmaly. Çünki pars dilinde kagyz soňra kabul edilen söz bolup, aslynda pars dilinde yazgy ýazylýan serişdä «bärg» diýipdirler. (Häzirki wagtda-da «bärg» sözüniň hat ýazylýan serişde, list, sahypa, galyberse-de ýaprak diýen manysy bar). Arap dilinde kagyza «warak» diýýärler. Ýöne ol kagyzy däl-de rus dilindäki «list», «ýaprak» diýmegi aňladýar. Arap dilinde kagyza «kertas» hem diýýändiklerini aýtmak gerek. Ýöne ol söz arap sözi däl-de, «chetes» diýen gadymy ýunan (grek) sözünden. Grekler papirus ýapragyndan ýa-da goýun-geçi gönünden ýasalan sahypalara «chetes» diýipdirler. Sebäbi gadymy zamanlar, tä kagyz oýlanyp tapylýança, ýazuw medeniýeti bolan halklar ýazgylary papirus ýapraklarynyň ýüzüne ýa-da gön ýüzüne ýazypdyrlar.
Geliň, indi bolsa, kagyzyň hytaýça nähili atlandyrylandygyna üns bereliň. Hytaý dilinde kagyza «Guz-hi» diýip at beripdirler. Sowatly watandaşlarymyz gadymy wagtlar Oguz han türkmeniň nesillerine beýleki serhetdeş halklaryň «Oguz+lar» «Guz+lar» diýendiklerini bilýändirler. Eger hytaý dilindäki kagyz sözüni düzýän sözüň birinji bogny bolan «Guz» söz düzümini «Oguz» sözüniň manydaşy «Guz» diýip okasak, «hi» goşulmasy gadymy parfiýa dilinde häzirki türkmen dilindäki taýpa, kowum sözüni aňladýan «haý(ý)» sözüniň ýoýulan görnüşi bolmaly. Diýmek, hytaý dilindäki «Guz+hi» sözüni «Guz kowmunyň döreden önümi» diýip düşündirip bolar. Galyberse-de türkmen dilçi alymlary «Guz+hi» sözi barada geljekde içgin pikir ýörederler diýip oýlanýarys». Elbetde, mirasy öwreniji Juma Ataýewiň bu çaklamalary ylymda alymlar tarapyndan subut edilenok. Ýöne şeýle çaklamalardan ýüz Öwürmek hem bolmaz. Çünki kagyz öndürmek usulynyň Gündogar (Hytaý) Türküstanynda (uýgurlaryň häzirki döwürde-de ýaşaýan sebitinde) özüniň pajarlap ösüşini başdan geçirendigi hakynda köp alymlar belläp geçýärler. Galyberse-de, kagyz önümçiliginiň hut şu sebitden günbatara bakan Beýik Ýüpek ýolunyň üsti bilen ýeňişli ýörişine başlandygy mälimdir. J. Ataýewiň belleýşi ýaly, kagyz önümini türki halklaryň oýlap tapandygyny tassyklaýan daşary ýurtly alymlar hem az däl. Golýazma öwreniji türk alymy Nyýazy Ünwer «Ýazuw eserlerinde ulanylan kagyzlar we olaryň aýratynlyklary» atly işinde şeýle ýazýar: «Türki halklary kagyzy hytaýlylardan öwrenip ýasapdyrlar. Kagyz önümini türki halklaryň oýlap tapandygyny aýdýanlar hem bardyr. Bu garaýşyň tarapdarlary «kagyz» sözüniň aslynyň türki dilinden gelýändigini öňe sürýärler».
Ilki kagyz önümçiliginde ýüpek ulanylypdyr. Kagyz taýýarlamagyň umumy ýörelgeleri gadymy Çyn-Maçyn ýazgylarynda doly beýan edilipdir. Çyn-Maçynlylar kagyz taýýarlamakda kem-kem bambugyň ýaş baldaklaryndan, tut agajynyň gabygyndan, söwütden we kenepden peýdalanyp başlapdyrlar. Olar kagyz taýýarlamak üçin niyetlän gabyklaryny, baldaklaryny soky daşa salyp, maýdalap kül edipdirler. Düýbi ownujak gözenekli çarçuwa bolsa, kagyzy belli bir görnüşe getirmäge hyzmat edipdir. Çarçuwa biraz mäjumdan guýlup, süýümiň ýaýrap, belli bir gatlagyň emele gelmegi üçin ony eläpdirler. Suwy sarkyp, ownuk gözenekde çyg kagyz gatlagy galypdyr. Ony usullyk bilen alyp, tekiz tagtanyň ýüzüne ýazypdyrlar we Güne guradypdyrlar. Soňra kagyz gatlaklaryny agaçdan edilen ýörite basgyçlar bilen gysypdyrlar.