Syke_Dali
23.09.2024 20:17

Hijri ýylynyň bäş ýüz togsan ýedinji ýylynda Nil derýasynyň suwy çekilip Müsürde suw ýetmezçiligi boldy.Soňra harytlaryň bahalary galyp, bir erdeb (agyrlyk ölçeg birligi) galla elli dinara satyldy.Hat­da şol döwürde açlykdan ýaňa adam etini iýenler hem bolupdy. Birnäçe aýallar bolsa öz çagalaryny iýipdirler. Müsüriň we Kairyň ilatynyň sany ep­esli azalyp, hat­da ölen adamlary jaýlamaga hem adam galmady.

Ýyrtyjy adamlaryň başlangyç wakalary şulardan başlandy. Ýary gije töweregi hassahananyň gapysy kakylyp başlady. Darka kakylýan seslerden ýaňa stoluň aşagynda bukulup ýatan şepagat uýasy aglamjyraýanyny eşitdirmezlik üçin eli bilen agzyny ýapyp ümsüm hymlap aglaýardy. Birden gapynyň kilidi döwülip içere dökülip giren däliler şepagat uýasyny tutup içine ýumruklap urup ellerinden aýaklaryndan dişläp başladylar...

Şepagat uýasy gygyryp ýerinden turdy Ezizjik ejesiniň aýaklaryny gyjyklap gykylyklap gülüp dur. Hemme görenleriniň hakykat däldigini gözüni açanyndan soň bilen Gülälek nowbaharyny eline alyp sowadyjydan suw alyp gorka gaplanan damagynyň teşneligini gandyrdy. Hassahana gitmäge gorkdy:''Eý Hudaý, ertirlerine görülýän düýşler dogry diýýärler welin bula asla bolup biljek zat däl". Düýş ýorýan Babagammara jaň etdi we bu gören düýşini oňa aýtdy. Babagammar üns bilen diňläp bolanyndan soň Gülälege düýşiň ýorgudyny aýtmady we hassahanadan çykmaklygy işi goý bolsun etmegi maslahat berdi. Bu düýşiň ýorgudy bolsa jogapsyz galypdy...



Auwtor:??????

Çeşme: intirnet sahypalarynnan.

14
95
orazow96
25 Sentýabr 2024
Düshi göröne dal ýorana diýipdirler
flowers_
23 Sentýabr 2024
Näme bolup bilerkä ýorgudy?🤔
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.