Kopengagendäki auksionda soňky 100 ýyl el degrilmedik 286 teňňeden ybarat özboluşly kolleksiýa satyldy. Ahyrky baha 14,8 mln ýewro ($16,4 mln) boldy, bu bolsa çak edilen bahadan 25% ýokarydyr diýip, Stack’s Bowers auksion öýüne salgylanyp, Reuters habar berýär.
Kolleksiýa 1852-nji ýylda doglan we mesgäniň lomaý söwdasy bilen meşgullanan daniýaly täjir Lars Emil Bruuna degişlidir. Bruun öz kolleksiýasyny tutuş ömrüniň dowamynda ýygnady we ol Daniýanyň, Norwegiýanyň hem Şwesiýanyň teňňeleriniň we kagyz pullarynyň doly ýygyndysyny, şeýle-de medallary we kitaplary öz içine alýar.
Bruun 1932-nji ýylda ölmezinden öň wesýetnamada kolleksiýanyň 100 ýyllap eldegrilmesiz saklanmalydygyny görkezipdir.
Çaklamalara görä, Bruunyň mirasy, takmynan, 72 mln dollar bolmaly. Auksion söwdasy sekiz sagat dowam etdi.
Tmcars