smiling_
22.09.2024 18:08
💙...

Hasrat kalba ornaşypdyr,
Günlerden bagt gözlämok.
Göwnüm çyna ýelmeşikdir,
Hakykatymy gizlämok.

Söýülmekden ejizdirin,
Ok atyldy kalbym peýläp.
Ynjynmakdan ezizdirin,
Söýjegem däl mundan beýläk.

Çöplejek ýoldan gül baryn,
Geplejek, söz berilende.
Derdim çekişip bilýäniñ,
Has aýrydyr ýeri mende.

Men yşgyñ içine gaçan,
Söýgi meni halamaýar.
Bagtly bolarynmy,
Haçan?
Bilmen...
Sen bir aglama ýar!


L'autore: Uzukjemal Nowruzowa
11
113
smiling_
22 Sentýabr 2024
@zumer_chas, 👐🏿
matsuriken
22 Sentýabr 2024
@smiling_, hä bole 😌🙌
smiling_
22 Sentýabr 2024
@matsuriken, men gara görnüşini ullanasym gelýär 😐
matsuriken
22 Sentýabr 2024
@smiling_, ak görnüşi bar diýjek bolýa 😌🙌
smiling_
22 Sentýabr 2024
Ullanmak bolanokmy şony 🙄
smiling_
22 Sentýabr 2024
@bilesigelijilai, 🤦🏿‍♀️
smiling_
22 Sentýabr 2024
@bilesigelijilai, goşgyñ ady **** şeýle durdy menem şeýdip 💙... owadanladym 🙄
smiling_
22 Sentýabr 2024
@matsuriken, haa ýadymdan çykypdyr
matsuriken
22 Sentýabr 2024
@smiling_, dosmämet diýmäk
smiling_
22 Sentýabr 2024
@bilesigelijilai, amigo näme gyyy
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.