Kitabyň bezelmegi onuň sarpasyny beýgeldipdir, syrly güýjüni artdyrypdyr. Edil dini taglymlary wagyz etmek ýaly buddaçylyk kitaplaryny göçürmeklik we bezemeklik hem kalbyňy saplaýan, ahlaklylyk we hudaýhalan iş hasaplanylypdyr. Soňlugy bilen bu düşünjeler musulman risalalaryny göçürmek we bezemek bilen meşgullanýanlar üçin hem häsiýetli bolupdyr. Diňe çeper edebi kitaplaryň köpelmegi kitaplaryň bezelişinde kem-kem täze özgerişleri getiripdir. Edebi häsiýetli kitaplarda keramaty aňladýan nyşanlar bilen bezemeklik aradan aýrylypdyr.
Görüp geçişimiz ýaly, musulman Gündogarynda kagyz ýüze çykmanka hat-ýazuw üçin pergament (gön, deri), agaç gabyklary, papirus, kendir, süňk, taňňyt (keramika) ulanylypdyr. Ýöne bularyň hersiniň özüne ýetik kemçilikleri bardy. Papirus – ýeňil we port, taňňyt – döwlegen, kendir – tiz çüýregen bolupdyr. Kagyz ýüze çykandan soň golýazma – kitap sungatynda täze eýýam başlanypdyr.
Belli bolşy ýaly, kagyz günbatar Çyn-Maçynda oýlanyp tapylypdyr. Çeşmelerde habar berlişine görä, Tsai Lun (50-121) diýen adam 105-nji ýylda Çyn-Maçynyň uly sebitleriniň birinde kenepden, agaç gabygyndan, balyk tutulýan toruň galyndysyndan, esgiden täze ajaýyp ýazuw serişdesini – kagyzy öndürip başlandygy hakynda öz ýurdunyň soltanyna (imperatoryna) resmi ýagdaýda habar beripdir. Bu ajaýyp açyşy üçin imperator Tsai Luny kagyz öndürmek boýunça wezir wezipesine belläpdir hem-de onuň hilini gowulandyrmaklygy tabşyrypdyr. Hytaýlylar bu ajaýyp açyşy bäş asyryň dowamynda gizlinlikde saklap gelipdirler we ondan köp girdeji gazanypdyrlar. Käbir çeşmelerde çyn-maçynlylaryň kagyzy miladydan 71 ýyl öň oýlap tapandygy hakynda-da maglumatlar berilýär.
Kagyzy türkmenleriň ata-babalarynyň oýlap tapandygyny çaklaýanlar hem bar. Şeýle çaklamany öňe sürýänleriň biri bolan mirasy öwreniji Juma Ataýew «Ak kagyz kyssasy» atly makalasynda şeýle ýazýar: «Mete han ölenden soň, nijeme ýyl geçýär hem-de imperiýanyň içinden dörän agzalalyk hem-de hytaýlylar tarapyndan amala aşyrylýan ýykgynçylkly hereketler netijesinde, 1955 ýyl ozal ýa-da biziň eýýamymyzyň 48-nji ýylynda nijeme ýüz ýyllap sarsman duran Oguz türkmenleriniň Gün (Hun) imperiýasy demirgazyk we günorta bölege bölünýä. Netijede, Gün (Hun) döwletiniň günorta ganaty Çyn-Maçyna, Hytaý imperatorlygyna raýatlyga girýär hem-de demirgazyk ganatdaky Gün döwleti bilen Hytaýyň arasynda böwet bolup hyzmat edýär. Hytaýlylar soňabaka günorta Gün döwletini bäş bölege bölüp, ol ýerde hemme ýolbaşçylary , emeldarlary hytaýlylardan belleýärler. Şeýlelikde, günorta Gün döwleti mundan 1787 ýyl ozal milady hasabynda 216-njy ýylda doly synyp, Hytaý döwletine goşulýar. Ol ýerde ýaşaýan ýüzmüňlerçe türkmen maşgalalary şeýlelik bilen hytaýly bolup galyberýärler. Hut şol türkmenler hem, tokaýsyz mekanlarda kagyz diýen zady oýlap tapypdyrlar.