gunesh_
21.09.2024 21:23
Belli bolşy ýaly gadymy kitaplar göne (pergament) ýazylypdyr. Öküzleriň, göleleriň, goýun-geçileriň derisinden taýýarlanylan gönler galyň we tagaşyksyz bolanlygy üçin beýle bir gymmat bolmandyr. Emma guzularyň, owlaklaryň, şeýle hem keýikleriň derisinden taýýarlanylan gönler ýuka we ýazgy üçin oňaýly bolupdyr. Şonuň üçinem beýle gönleriň gymmaty has artyk bolupdyr. Ýöne arzan diýilýän gönler hem her bir adama ýeňil tapdyrmandyr. Sebäbi göwrümi kiçi bolmadyk ýekeje kitap üçin hem giden bir süriniň derisi gerek bolupdyr. Meselem, Ba:ktriýa şalarynyň hazynasynda saklanýan Awesta kitabyny ýazmak üçin 12 000 öküziň derisi gerek bolupdyr. Bu kitap altyn çaýylan reňkler bilen örän owadan hatda ýazylypdyr.

Bu döwürlerde hatlaryň agaç gabyklaryna, ýapraklaryna, palçyga, mumyýa, papirusa, ýasyja tagta böleklerine, daş sütünlerine, gaýalaryň ýüzlerine ýazylan ýerleri hem bolupdyr. Kitap döretmeklik bilen ir döwürlerde Hytaýda, Müsürde, Hindistanda, gadymy Ýunanystanda, Rimde, Orta Aziýa ülkelerinde meşgullanylypdyr. Müsürde we Şamda ýazgy etmek üçin, esasan, papirus bilen pergament ulanylypdyr. Şamlylar Merkezi Aziýada ýaşaýan oguzlar bilen ýakyn söwda gatnaşygynda bolup, olardan deriniň bejerilişini öwrenipdirler. Olar goýnuň hem göläniň derilerinden gönüň ýukajyk we galyň görnüşlerini öndürip başlapdyrlar. Birnäçe wagt geçensoň adamlar pergament böleklerini iki epläp, depder görnüşinde ulanyp başlapdyrlar. Adamlara şol hatlary okamaklyk aňsat düşüpdir. Olary bukja, horjuna salyp uzak ýola äkidip bilipdirler.

Şeýlelikde, miladynyň II asyrynda sahaplanan kitaplar döräp başlapdyr. Ol kitaplar depder böleklerinden düzülip, bir bitewi görnüşe getirilipdir. Depderler bolsa dört sany eplenen pergament böleklerinden durupdyr. Şol depderler biri-biriniň üstüne goýlup, top görnüşinde ýygnalyp, sapak bilen çatylyp sahaba salnypdyr. Golýazma kitaplarynyň ilkibaşdan sahaplanmagynyň esasy maksady ýazylan tekstleri aýawly saklamaklykdan, waraklary Günüň ýagtysyndan, howanyň çyglylygyndan, zyýanly mör-möjeklerden, ýyrtylmakdan, pytramakdan, şeýle hem daşky gurşawyň ýetirjek ýaramaz täsirlerinden goramakdan ybarat bolupdyr. Sahaplanan kitaplary okamaklyk amatly bolupdyr. Okyjy islendik sahypany açyp, okap bolansoň, onuň arasyna sülgüniň ýa-da başga bir guşuň ýelegini goýup ýapypdyr.

Gönleriň reňki hem nähili deriden taýýarlanylýanlygyna laýyklykda ak, al, sarymtyl ýa-da çal görnüşde bolupdyr. Ine, şeýle köp zähmetli, uly çykdajyly kitaplary diňe hökümdarlar, soltanlar, emirler ýa-da aşa gurply adamlar edinip bilipdirler. Şeýle abraýly adamlar üçin ýazylan kitaplaryň bezegi hakyndaky alada-da, jogapkärçilik-de uly bolupdyr. Kitap ýazdyrmaga her kimiň mümkinçiligi bolmandyr. Kitabyň gymmatynyň artykdygyny onuň altyn kümüş goýulýan hazynalarda saklanýanýandygyndan hem göz öňüne getirse bolar.

Orta Aziýada I-III asyrlarda kitabyň bezelmeginde Hindistanyň hem uly täsiri bardyr. Beýik Kuşan soltanlygynyň düzümine Orta Aziýanyň günorta böleginde ýerleşen Ba:ktriýa döwleti hem giripdir. Ba:ktriýa döwletiniň ilaty öz döwrüniň ösen medeniýetine eýe bolmak bilen hat-ýazuwy hem giňden ulanypdyrlar. Bu döwletde hat-da aýallaryň arasynda-da sowatlylary bolupdyr. Hat-ýazuw üçin agaç tagtajyklar, palçykdan edilen materiallar ulanylypdyr. Hytaýdan uly pullar tölenip getirilýän kagyzlar bu ýerlerde örän seýrek duşupdyr. Buddaçylygyň kabul edilmegi bilen mundan ençeme ýüzýyllyklar öň Hindistanda kemala gelen baý dini edebiýatlar soltanlykda ýaýrap başlapdyr. Şol dini kitaplar soltanlara-patyşalara mynasyp derejede altyn çaýylan reňkler bilen bezelipdir. Şonuň üçinem şol döwürlerde-de «altyn reňkli, Gün öwüşginli, şa kitap», «altyn öwüsýän», «gymmatbaha-kitap», «kitap hazynasy» ýaly aňlatmalar bolupdyr.

Kitaby şeýle bir mertebälipdirler welin, ony doga hökmünde görüpdirler. Kitap okaýan adamlary göze görünmeýän haýyrly ýagşy perişdeleri, erenleri çagyryp bilýän, ýamanlyk getirýän jynlary, şeýtanlary kowup bilýän gudrata, keramata eýe adamlar hasaplapdyrlar. Kitaplaram şeýleräk ýagdaýlara laýyk bezelipdir. Buddaçylyk kitaplarynyň başynda budda panteonynyň hudaýlarynyň keşbi çekilipdr. Aýry-aýry sahypalar dürli owadan reňkleriň toplumy bilen bezelipdir. Şol owadan öwüşginli reňkleriň arasyndan gandharwlaryň, asman sazandalarynyň keşplerini synlamak mümkin bolupdyr. Şeýle sahypalarda şahajyklardan düzülen halkalar arkalaryň keşbine meňzäpdir. Tekstiň soňky sahypasy päkligiň, bolelinligiň nyşany bolan lotos gülüniň keşbi, buddaçylyk taglymlarynyň nyşany bolan çarh bilen bezelipdir.
8
93
okyyjy
21 Sentýabr 2024
Älem syry kitap bilen açylýar...👍👍👍
flowers_
21 Sentýabr 2024
@zumer_chas, iki post edip goýaýyñ, şu wagt birini, 12:00 dan soñ birini
flowers_
21 Sentýabr 2024
@gunesh_, swýaz pes bolsada bolaýýa öýdýän
flowers_
21 Sentýabr 2024
@zumer_chas, uzyn post goyyañmy, harp sanyñ 4000-5000 den kop bolsa goýulanok şu wagt
flowers_
21 Sentýabr 2024
@gunesh_, mendä goýulyp dur, azajyk garaşyp gördüñmi?
flowers_
21 Sentýabr 2024
@zumer_chas, nähili bolýa?
flowers_
21 Sentýabr 2024
@gunesh_, surat näme üçin goyulmadyka?
flowers_
21 Sentýabr 2024
@zumer_chas, Salam, şükür Hudaýa gowy
flowers_
21 Sentýabr 2024
Tassyklanypdyr:)
flowers_
21 Sentýabr 2024
@gunesh_, näme diýýä?🤔
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.