Britaniýada «ýylyň pişigini» saýladylar
Beýik Britaniýada zenanlar düşelgesinde ýaşaýan ak-gara pişik «Ýylyň pişigi» diýen ada mynasyp boldy. Bu barada «Daliy Mail» neşiri habar berdi.
Marlik atly pişik agyr döwri we kemsidilmeleri başdan geçirýän zenanlary goldaýandygy üçin «Cats Protection» guramasynyň baýragyna mynasyp boldy.
Zenanlar priýutynyň ýolbaşçysy Karen Enstiss Marligiň diňe bir zenanlary goldamak bilen çäklenmän, edaranyň durmuşyna sakçy, hatda bagban hökmünde gatnaşýandygyny gürrüň berdi. Ol öz pişiginiň bu gazanan üstünligine guwanýandygyny sözüniň üstüne goşdy.
Ýeňijiniň kubogyny alan Marlige şeýle-de 200 funt sterling sowgat berdiler, ol bu pula dükanda söwda edip biler.
Beýik Britaniýada pişiklere aýratyn üns bilen garaýarlar. Mysal üçin, Şotlandiýanyň işleri boýunça britan ministri Ian Mýurreý Birleşen Patyşalygyň baş syçan tutujysyny – pişik Larrini «kiçijik haramzadajyk» diýip atlandyrdy. Muňa Larriniň täze Ministrler Kabineti bilen ýadygärlik surata düşmekden ýüz öwürmegi sebäp boldy.
Turkmenportal