《Bimaza》
Düñk - düñk urýar atygsaýar,
Özün oda urjakmyşyn.
Mähir hoş söze suwsaýar,
Şol bolmasa durjakmyşyn.
Bir didary görmek isläp,
Takady ýok gündiz - gije.
Başym aýagmyñ yzasy,
Onuñ üçin çykdy hije.
Pasyrdatýar ganatlarynyñ,
Gaçanok ysgyn - mydary.
Rahatlygyñ, sagatlarynyñ
Wagty gutaran mysaly.
Yşk asuda ýaşatmasa,
Aýdyñ, nämä deñemek bor?!
Şükür, ykbal daş atmansyñ,
Ýüregimde kebelek bar...!
~ Gülşirin HANOWA