awadan
Düýn, 17:35
Abraýly söýgi4) jemleyji bolum,🌹 Hekaýa)
Şeýdip bu toý hem geçdi, gyşyň günleridi bir günü Yadigäriň öýüne bir aýal geldi ol aýal diýseň baý görünýärdi ýörüte sürüjüsi bardy, Ýadygäriň mamasy bu aýaly görenden tanady, oňa kän bir mähri bolmasada öňünde çaý çörek goýup, gürlemân ol aýalyň gepini diňlän bolup oturdy ol aýal bir mahal şu gyza öýlenseň sen gerekdäl, diýip ogluny öýünden kowan aýaldy, ol Ýadygäriň kakasynyň ejesidi oň ýekeje ogly bardy ol bolsa Yadygäriň kakasydy, ol Yadygäri görmek üçün uzak ýol söküp baş eğip gelipdi, Yadygär tanamaýady ol Ýadygâri görüp agysyny duruzup bilenokdy, ol edil oğluma meňzeş eken diýärdi men agyr kesel boldum baýlygymyň hemmesini Ýadygäriň adyna geçirjek diýip aýtmaga geldim diýdi, mamasy biziň baýlgymyz ýeterlik siz baýlygyňyzy garyp gasara beräýiň diýdi, Ýadygär mundan habarsyz daşarda işläp ýör Sülgün aýnadan Ýadygäre seretýädi, ejesi arkasyndan geldi sen kime seretýäň diýdi Sülgün " oýlanman jogap berdi seret goňşularmyza bir üýtgeşik maşyna geldi diýdi ejesi aýnadan seredip dogurdanam men bir zat soran bolup gidip anyklap geleýin diýip egnine ýeňsizini geýdide goňşularyna ylgady daşary palçyk bolansoň Bagtygül genlejäniň köwşüne suw girdi, ol of diýip gahar etsede olaryň öýüne baryp gapyny kakdy, gapyny açan mamasy ony içeri saldy, Yadygär Sülgüne seretdi Sülgün aýnaň içinden buguna ýürek çekdi, Yadygär gülüp kellesini çaýkady soňra ol çeperiden aşyp aýnaň ýanyna bardy Sülgün içini çekip git ağam geler diýsede aýnadan baryp seredip ýylgyryp soňam birden ýylgyrmasyny goýdy Sülgün bir zadyň barlygyny bilip gizlendi Yadygär hiçkim ýok
ýaly aýnany kakdy, dogurdanam tamyň aňry ýüzünden Mälik gelen eken, Mälik how Ýadygär diýdi Ýadygär, elindäki pili bilen baryp Mälik bilen elleşdi Mälik näme edip ýörsüň diýdi Ýadygär ejeň bize bardy ýaňy oň köwşüne laý girdi başga köwüş beriň diýdi Mälik sen şoň üçün geldiňmi diýdi Yadygär, howa uruş bolaýmasyn diýändä ol köwüş Aman agaňky eken diýip güldü, Mälik güldüde haý ejemeý bolýa häzir Sülgün diýip gygyrdy, Yadygär bolýa eltäýsin diýip yzyna gaýtdy, Bagtygül bolsa bu zatlardan habarsyz içerde gelen aýalyň kimdigini anyklaýardy, ol baý aýalyň ähli baýlygynyň Yadigäre galýanyny anyklap bir girip çykaýyn diýdim myhmanyňyzy sowyberiň men öýe gideýin diýip öýüne gaýtdy, ol köwşüniň çalşylanynam bilmän aýagyny geýip öýüne ylgap diýen ýaly gaýtdy, Sülgün kakasy görmänkä köwşini arassalap goýdy, Bagtygül bolsa gijesi bilen oýlanyp ertesi günü ir bilen gyzyny Yadygäre bermeli diýen karara geldi, ol nâme bişirse Ýadygäriň mamasyna eltip berýän boldy, gyzgyn gatnaşyp başlady mamasy bir günü çaý başynda otyrka Yadygäre seni öýlendirmägede çen boldy, diýip söz açdy Ýadygär gürlemän aşak bakyp oturdy babasy bu gepe goşulup, halaşýanyň barmy diýdi Yadygär hiç zat diýmän çaý içip otyr, Mamasy men bir gyzy oýlap goýdum şony alyp berjek diýdi, Babasy kim ol diýip Yadygärden öňürtü sorady, Mamasy goňşymyzyň gyzy Sülgün diýdi, Ýadygär içip oturan çaýyna gark bolup çaý başyndan üsgürüp turup gitdi, olar gülüşdüler, Babasy sen ony gyz ýaly utanjaň edip ýetişdiripsiň diýip gülüp otyr, şeýdip Ýadygäriň mamasy Sülgünlere sawçy bolup

bardy aşygy alçy gopan Bagtygül gyzynada

aýtman razylyk berdi Aman ağa ohow bir
oýlansaň bolmadymy menâ hiç gyzyňdan bir soramaly ekeniň diýse, Bagtygül nämesi bar gül ýaly oğlan gapdaljyk goňşymyz çyksaň görünüp dur, barman tansam eder ene öz gyzyna ýamanlyk etmezä diýdi, Sülgün aňyrda duran ýerinde diýseň bagtlydy, şeýdip Ýadygär hem toý etdi söýgülsiniň abraýy üçün her zada baş Uran Ýadygär ahyry öz bagtyna gowuşdy, bulary gören Seýran men hem söyüşmân öýlenjek şonda bagtly bolýan ekeniň diýen karara geldi, Yadygär iki ýyl hiçkime bildirmän söýgüsüni ýaman gözlerden gorap pynhan saklady, muňa bolsa abraýly söýgü diýäýmek galýa
Awtor, Jumayewa ogulgurban
Uns berip okanynyz ucin sagbolun,
9
22
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.