alma___
Düýn, 17:22
Adam bolup geldik,ýagty
jahana,
Ýalan diyip,dogry ýoldan
daşlaşma.
Ejizläp azmana, kändir
bahana,
Il bilen ýöräber,ilden
daşlaşma.

Köpler öz ornundan beyik
gezerler,
Beyik gezseñ, has beyikler
ezerler.
Daña çykmaz boýny jogyn
horazlar
Göwnüñi pes tutjak pälden
daşlaşma.

Urunarsyñ çekilen deý
tutsaga,
Hassa bolup, baş goýaỹsañ
ýassyga.
Ýene goñşyň geler düşseñ
gyssaga,
Hormatdan ýasalan çilden
daşlaşma.

Ýagsylykdan dörär aljak
sogabyñ,
Nirä barsañ taýýar bolar
jogabyň.
Biljek bolsañ ýaradylys
sebäbin.
Yslam atly Beyik dinden
daşlaşma.
7
18
okyyjy
2 sagat öň
Gaty gowy👍👍
geldiyevna
Düýn 17:32 wagtda
👍❤️
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.