smiling_
18.09.2024 21:58
Goşgularymy oka...!

Nirede sen? Hal - ahwalyñ niçik-kä?
Goşgularymy oka gamlanan çagyñ,
Gel, bileje derdinşeli ikiçäk
Goşgularymy oka gamlanan çagyñ!

Bu täleý her näçe goýsada gizläp
Seni goşgularym taparlar gözläp
... Süýji ýatlamalañ ýumagyn çözläp
Goşgularymy oka gamlanan çagyñ!

Ine ýürek suwum içen setirler-
Özi ýanyp, özi öçen setirler...
...Olar saña hiç bir zyýan getirmez
Goşgularymy oka gamlanan çagyñ!

Ýyllar geçýär - dünýäñ göçe - göçünde
Çaky däldir olar iki - üçüñde...
...Sen pyşyrdap..., ýok gowusy içiñden,
Goşgularymy oka gamlanan çagyñ!

Isleseñ sözlerimi men diýip çakla,
Hala unut... hala ýadyñda sakla.
...Şat günüñ olara bakmasañ bakma!
Goşgularymy oka gamlanan çagyñ...!


~ Annamuhammet Kirşen
12
30
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.