Bir rowaýat diňledim,
Atam aýtdy arada,
Musa pygamber bilen,
Burkut baba barada.
Jebrudyň äleminde,
Söz gudratyn gözleseň,
Musa Kelamulladyr,
Bir hak bilen sözleşen.
Ýagyş-ýagmyryň piri
Burkut baba bolupdyr.
Emrinden baran ýagyp,
Ýerler taba gelipdir.
Akabanyň ugrunda,
Burkut öýün guranmyş,
Bu ýagdaýy geň görüp,
Musa sowal berenmiş.
"Il ýygnanýar ýanyňa,
Nirä göçüp gelipsiň?
Howply ýerde öý tutup,
Ters görelde bolupsyň"
Diýip, Musa pygamber,
Burkudy ýazgaranmyş.
Ol bolsa:" Akyl berme,
Geç" diýip azgaranmyş.
- Menden rugsat bolmasa,
Zemin emmez asmandan,
Bulutlary sürmesem,
Damja dammaz asmandan -
Diýip, men-menlik bilen,
Burkut baba gürlänmiş
Pygamberiň sözüne,
Asla bitwa bermänmiş.
Taňry bilen sözleşip,
Tur dagynyň başynda,
Musa Burkut barada,
Aýdan gepiň başynda.
"Ýurt tutdy Burkut piriň,
Suw akarly dereden"-
Diýende Musa kelam,
Ýylgyranmyş ýaradan.
Biribaryň ýanyndan
Dolananda pygamber,
Burkut piriň öýüne
Sil gelen lemmer-lemmer.
Akypdyr öw-öwzary,
Ýorgan-düşegi, dony.
Burkut baba çekenmiş,
Men-menlikden zyýany.
Musa soran şol pursat:
"Ohow, ýagyşyň piri,
Gök asmanda bulut ýok,
Nireden geldi sili?"
Burkut şeýle diýenmiş:
"Goragörsün beladan,
Gökden bulut ýagmady,
Buýruk ýagdy Alladan".
Awtor näbelli