smiling_
18.09.2024 13:54
Güniñ kölegesi düşýär ömrüme...

Güniñ kölegesi düşýär ömrüme,
Gözlerimde bolsa, garalýar iñrik.
Eýersiz, uýansyz gerşime münüp,
Wagt haýdap barýar,
Saklanma ýok hiç,
Çagalykdan özüm bilelim bäri,
Şu güne deñiç,
Gemrip,
Ýyllaryñ hatar goýan yzyny,
Gömüp barýar, duýgularyñ çañyna...
,,Soñky günüm" diýip her gün ýaşaýan,
Irden turdum,
Oýaryjyñ jañyna...
Asmanyñ goýnunda gaýmalap ýören,
Aýy hemra edip, aýlanýan ýerem,
Arkasyna hopba atyp hemmäni,
Güne tarap öwrüp myssaran ýüzün.
Çykmadyk janlara hediýe berip,
Ýeñse ýüzün Zöhrä öwren ene ýer.
Silkinesi gelýär,
Nebsi agyrýar.
We ýöne, (ýene-de) uludan alýarda demin,
Goýnunda gizleýär näzik tenleri,
Mahluk bolan ynsanlaryñ elinden...

Meniñ duýgularym ukudamyka?
Gözlerim görenokmy bolýan zatlary?
Ýüregim...
Ýüregmi goýup gaýdan ekenim,
Çagalyk döwründe tanyş ülkede.
Gözümde yz goýan şekil diýmeseñ...
Ähli zat,
Ýat bolup barýar
...Unudylyp barýar...


Remezan Mämetgurbanow
16
42
smiling_
18 Sentýabr 2024
@flowers_, Hää bolya
flowers_
18 Sentýabr 2024
@smiling_, öñ özüm soran ýaly, şu wagt yadyma duşenok
smiling_
18 Sentýabr 2024
@flowers_, Remezan agadan soraýmasam :)
flowers_
18 Sentýabr 2024
"Hediýe" sözi türkmen sõzlukde barmyka🤔
flowers_
18 Sentýabr 2024
"Eýersiz, uýansyz gerşime münüp,
Wagt haýdap barýar"👍
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.