awadan
18.09.2024 09:12
Abraýly söýgi2 bolum... Hekaýa
Sülgün ylgap gitdide baryp agasyna sözünü zordan düşündürdü agasy ol ýere derrewjik ýetip bardy, görse owaň adamlary hem barypdyr, Yadigäriň babasy hem barypdyr Babasy baryp Yadygäriň elini gördü eli omzundan ozalam birki gezek çykypdy diýip ýanyna ulurak adamlardan birini alyp tutup elini jaýyna saldylar Yadygär bir hal bolup elleri agyran halda şüdügäriň üstünde yerinden galyp oturdy, onýança Aman ağa hany adamlar dagaşyň Gurban aga agtygyňy meň gyzym görüpdür gygyryp ýatanyny, belli däl haçan ýykylyp elini çykarany meň kän gulagym eşidenok gyzymyň ylgap bäri geçenini gördüm näme üçün geçdikä diýsem agtygyn ýerde ýatyr diyip bolan zady Ýadygâriň babasyna gürrüň berýârdi Sülgün agasynyň arkasyndan Yadygäre ýüregü awap gizlin seretýârdi Ýadygär olaryň ýanynda Sülgüne seretmedik bolup öz omzuna çalaja urup, Hemme zat gowylaý gaýgy etme diýip Sülgüne kakdyryp gürledi Sülgüniň agasy Mälik Yadygäri ýerinden turuzup Sülgüne bar öýe git diýdi Sülgün yzyna serede _ serede öýüne gaýtdy, agşam ara Sülgüniň ejesi Bagtygül iki bölek çörek alyp gyzyny oturdyp goýup daşyndan aýlap kakyp ýör Aman ağa näme edip ýörsüň diýse, gyzym bu gün gorkupdyr döw ýaly adam gygyryp ýatsa öldümika diýen bolmalda diýdi, Aman ağa kes sesiňi niyetiňi ýel uçursun heýde ölen adam gygyrarmy ölmediği bellä gygyrsa gorkybermelimi diýdi, Bagtygül daýza, diläp alan ýekeje gyzym düýnki

sapar gygyryp malyň pagtamy iydi pylan ýene bir gara

gör diýip gorkuzdy, bu gün gyzym janyny halas etdi

indâ gürläp bilmez, hm diýip gyzyny kakyp ýör daşyna

aýlanyp, Aman ağa govja kakmaly şonda boşanmaz
ýaly diýip başga otaga girip gitdi. Ertesi günü azanda Sülgün Yadygäriň işlâp ýören ýerine baryp çeperiniň aňyrsyndan Yadygär diýip pyşyrdady Ýadygär yzyna seredip ylgap geldide heý näme edip ýörsüň dâli diýip güldü Sülgün nâme üçün atyňy çapdyryp gitdiň münme indi şol aty diýip çağa ýaly gözünden ýaş dökdü Yadygär, goý ağlama bolan zat ýok agyranok seret gül ýaly men diýip ýylgyrdy gapydan ejesiniň çykanyny gören Yadygär mamasynyň sagyp häzir gelýän diýip goýup giden süýdünü çeperiden galdyryp Sülgüne uzadyp şuny al ejeň çykdy diýdi Sülgüniň ejesi anyklap seredip gaty ýöräp gaýtdy Sülgün süýdü alyp yzyna öwrülen wagty ejesi bu näme diýdi Ýadygär düýn meni halas etdi Sülgün şoňa mamam sagbolsun diýip süýt berdi diýdi, ejesi gyzynyň elindäki süýdü alyp yzyna çeperiden berip sagbolsun mamaň ýöne gerekdäl biz ýamanlyk etselerem ýagşylyk etýäs, senem biri bir zat berjek gel diýse gaýdybermeli däl, düş öňüme diýip gyzyny alyp gomporup gitdi Yadygâr, gülküsü gelip bedräni göterip ýerinde goýjak mahaly mamasy heyt oğlan ýene bir sygyr bar sagmaly goý ýerinde bardym ine diýip gygyrdy. Aradan bir aý geçdi pagtalar açylyp ýygym başlady Sülgün bilen gyzlar Gurban aganyň pagtasyny ýygmaga bardylar, Sülgün ýygymçy gyz bolansoň gyzlardan saýlanyp öňe gidip galýady, Yadygär ösgün pagtalaryň içinden oturup ýörâp Sülgüniň ýanyna bardy Sülgün içini çekdi Yadygär, barmagyny dodagyna diýrâp ýuwaş diýip ümläp Sülgüne pagta ýygyp uzatýardy, Sülgün gülüp
pagtany alyp partygyna salýardy, onýança bir ýerlerden Seýran gelip Sülgüne salam berdi Sülgün salam alyp gözlerini ulaldyp Yadygäre seretdi Yadygär" kellesini çaýkap bildirme diýen äheňde pagtaň arasyna gizlenip otyr, Seýran " Sülgün men saňa bir zat aýtjak diýip ýaňy gepe başlapdam weli Yadygär, görek ýolup Seýranyň kellesine atyp goýberdi Seýran kellesini tutup Sülgüne seredip aňyrrak süýşüp gaharyň gelmesin men erwet zat aýtjak bolamok diýip ýene gürlâp başlady, Seýran gürlän wagty kä aňyrdan gelýân gyzlara seredip gürleýärdi, Seýran aňyry sereden mahaly Yadygär, ýene bir körek ýolup gaty urdy, Seýran has aňyry süýşüp bu nâme etdigiň bolýa Sülgün seň utanjaňdygyňy bilýân ýöne beýtmedâ diýdi Sülgün pagta ýygmasyny goýup Seýrana seretdi Sülgün Yadygäriň urup duranyndan habarsyzdy,

Dowamy bar❤️
9
36
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.