Bir ene oglyny öýerip gelin edinipdir. Birnäçe gùn geçenden soñ gelniniñ eline bir gutyjyk beripdirde şeýle diýipdir. Gelnim saña şu gutyny berýän maña- da şuny gaýnenem pahyr beripdi. Bu gutynyñ içindäkiden nahara bir çümmüjek atarsyñ welin naharyñ örän süýji bolar . Ýöne şunyñ içindäkini hiç kime görkezmegin" diýipdir.Aý gün geçipdir.Gelin her gezek nahar bişirende şol gutyjykdan atýarmyş welin nahar örän tagamly bolýarmyş.
Cünler geçipdir. bir gün şol gelin bäbekhana düşüpdir welin nahary adamsy bişirmeli bolypdyp.Şonda ol ,,şu gutyda näme barka şundan nahara atýarlar welin nahar örån tagamly bolýar , ýöne içindäki hiç gutarmaýan zat nämekä" diýip şol gutyjygy açyp görüpdir.
Görse gutyjygyñ içinde iki barmak ýaly kagyz barmyş. Kagyzda şeýle ýazgy barmyş ,,Gelnim nahar bişireniñde nahara birje çümmük mähir hem goşawergin"