❥••• Bir adamyñ geçirimlilik etmegi, onuñ gowşaklygy däldir, ýumşaklygydyr.
❥••• Hakyky baýlyk emlägiñ köplügi däldir. Hakyky baýlyk kalbyñ baýlygydyr, baryña şükür kanagat edip bilmekdir.
❥••• Geçýän zat wagt däldir, ömürdir.
❥••• Nesibäñde bar bolsa, kynam bolsa hemme ýollar açylar.
❥••• Adam öz ýakynyna kömek etdigiçe, Allatagala hem oña kömek eder.
❥••• Diliñe terbiýe bermezden öñürti ýüregiñe terbiýe bermeli, çünki söz ýürekden gelip, dilden çykar.
❥••• Isleýänim bolanok diýip gynanma, ýa has gowusy bolar, ýa-da haýyrlysy şoldur.
❥••• Adamy owadan edýän daşky sypaty däldir, adamkärçiligidir.