stella_🖤
17.09.2024 15:33
Bize kim höküm edýär?.. islegmi ýa terbiýe?

Zigmund Freýd, Awstriýaly psiholog,  lukman, psihoanaliz taglymatynyň esaslandyryjysy, 1856-njy ýylda Fraýberg şäherinde dünýä indi. Ol filosofiýa we psihologiýa ylmyna örän uly goşant goşan özboluşly şahsyýetdir. Onuň aýdanlary döwründe ýazgarylsa-da, häzirki döwürde içgin öwrenilýär we psihologiýada giňden ulanylýar. Ol öz işlerinde adamy, onuň işjeňligini, medenileşmegini we tutuş medeniýeti emele getirmegini beýan edipdir. Gyzyklanýan ugry: filosofiki antropologiýa.

Freýdiň tassyklamagy boýunça adam öz haýwan ata-babalaryndan nesil boýunça alýan instinktiw meýilleriň, ilki bilen jyns we özüňi halas etmek instinktiniň esasynda işjeňdir. Emma instinktler jemgyýetde edil haýwanat dünýasindäki ýaly erkinlikde ýüze çykyp bilmeýär, jemgyýet adama köp sanly çäklenmeler goýup, onuň instinktlerine ýa-da meýillerine “gadaganlyk-senzura” goýýar, bu bolsa adamy öz instinktleririni bökdemäge mejbur edýär. Şeýlelikde, instinktiw meýiller şahsyýetiň aňly durmuşyndan göýä utançly, ýol berip bolmajak, onuň ejizligini duýduryjy zat hökmünde gysylyp çykarylýar we oňdan aşaky ulgama – gizlin zolaga geçýär, emma ýok bolup gitmeýär. Öz energiýa zarýadyny, işjeňligini saklap, olar bilniksizden aňasty zolakdan şahsyýetiň özüni alyp barşyny edara etmegini dowam edýär; medeniýetiň we adamyň işiniň önümleriniň dürli görnüşlerine öwrülýär (“sublimasiýalaşýar”). Aňdan aşaky ulgamda instinktiw meýiller öz gelip çykyşyna baglylykda dürli “komplekslere” jemlenip, hut şolar bolsa Freýdiň tassyklamagy boýunça adamyň şahsyýetiniň işjeňliginiň hakyky sebäbi bolup durýarlar. Şoňa baglylykda psihologiýanyň esasy wezipeleriniň biri aňdan aşakda durýan “kompleksleri” ýüze çykaryp, olary aňlamaklyga ýardam etmek, onuň netijesinde şahsyýeti içki konfliktlerden halas etmek (“psihoanaliz” atlandyrylýan bejeriş usuly) bolup durýar.

Freýd boýunça şahsyýetiň 3 tarapy bardyr. Olar:

Id (ol) – adamyň islegleriniň aňlanylmaýan tarapy;

Ego (men) – adamyň işjeň tarapy;

Super-ego (ahlak) – daşky gurşawdan döreýän täsirler.

Adam öz başyna hereket edip bilmeýär. Onuň islegleri tükeniksiz köp we olaryň köpüsiniň sebäpleri aňlanylmaýar. Freýd boýunça, adam öz isleglerine boýun bolýan barlykdyr. Öz isleglerini terbiýelemegi başaran adam – şahsyýetdir. 
13
134
matsuriken
18 Sentýabr 2024
@geldiyevna, köp 🤣
geldiyevna
18 Sentýabr 2024
@matsuriken, haleniň wir wamy, mollim
Arslan_Alaýew
17 Sentýabr 2024
👍👍👍
smiling_
17 Sentýabr 2024
@matsuriken, Bölör
matsuriken
17 Sentýabr 2024
@smiling_, mölörmö
ideallider
17 Sentýabr 2024
Abot abot😁
smiling_
17 Sentýabr 2024
@matsuriken, Gözzegmäwörsün jannogan 🙄
matsuriken
17 Sentýabr 2024
@smiling_, gözzegmesin niý!
smiling_
17 Sentýabr 2024
@ideallider, Şularyñky üýtgeşik bolaýýar 😁
matsuriken
17 Sentýabr 2024
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.