enes_∞
17.09.2024 07:42

Bu ýer — jennetiň derwezesi!
Elbetde, bu täsin ýer hemmeleriň ünsüni ösüne çekýän bolsa gerek. Ol Hytaýda, Týanmen dagynda ýerleşip, dünýäniň köp sanly jahankeşdeleriniň ünsüni özüne çekýär.

Bu ýere dürli ýollar arkaly baryp bolýandyr. Beýikligi 130 metrden gowrak bolan bu täsin ýer 263-nji ýylda bolan ýer titremesi netijesinde emele gelipdir. Ýer titremesi bolmazyndan öň bu sebite Songlian dagy diýilýän eken. Ýer titremesi bolandan soň, bu ýerde şeýle gowak emele gelýär, we bu ýere şondan soň Týanmen dagy diýlipdir.

Ýýer titremesi netijesinde toprak eroziýasyna, tebigy betbagtçylyklara duş gelse-de, häzirde ajaýyp ösümlik we haýwanat dünýäsine eýe bolupdyr. Bu ýerde daglaryň depelerine çenli baý ösümlik we haýwanat dünýäsine syn etmek bolýar. Käwagt bu daglaryň depesi dumanlar, bulutlar bilen örtülýär. Şeýle ýagdaýda onuň keşbi has üýtgeşik bolup görünýär. Bu ýeri ýörite görmek üçin dünýäniň dürli ýerlerinden her ýylda müňlerçe syýahatçylar, myhmanlar gelýär.

Bu owadan sebit özüniň täsin keşbi, ajaýyp ösümlik we haýwanat dünýäsi bilen “Jennetiň derwezesi”diýen ada eýe bolýar. Şeýle gözelligiň hakykatdanam bardygyna we ony öz gözüňiz bilen görüp biljekdigiňize ynanmak kyn, ýöne bu hakykat. Bu ýere çykmak üçin 999 sany basgançakdan ýöremeli bolýar. Jennetiň derwezesi baradaky rowaýatlara we aýtgylara görä, 999 basgançagyň hemmesini ädimläp geçen adam aň-bilimli,hudaýa ýakynlaşmagy başarýan hasaplanylypdyr. Onuň ösümlik we haýwanat dünýäsi, meşhurlyga eýe üýtgeşik keşbi BMG-niň ylym, bilim we medeniýet meseleleri boýunça hökümetara guramasy bolan ÝUNESKO tarapyndan aýratyn goralýan ýerleriň sanawyna girizilendir. Şeýle-de bu täsin ýer Ginnesiň rekordlar kitabyna hem girizilendir.

Turkmengazet🌍
15
198
gul✿
Düýn 21:08 wagtda
@geldiyevna, wahh düşündim. Ýöne nädip?)
geldiyevna
Düýn 21:04 wagtda
@gul✿, wahh, seni görjek men, jannogan🤩
matsuriken
Düýn 21:04 wagtda
@zumer_chas, 🤣👍🏻
zumer_chas
Düýn 21:02 wagtda
bir giren çykyş gözleýän däldirle
gul✿
Düýn 21:00 wagtda
@geldiyevna, Estahfurillah. Meni görüñ siz gowsy.😌
flowers_
Düýn 20:59 wagtda
Nätdiñiza muny😁
geldiyevna
Düýn 20:58 wagtda
@gul✿, 🤣🤣🤣, çyn dowzah diýme jan dogan😔
gul✿
Düýn 20:57 wagtda
@geldiyevna, menimi ýa o dovzahyñ suratyny🤭?
geldiyevna
Düýn 20:55 wagtda
@gul✿, göresim-ä gelýäraý çyndan, hiç bolmasa suratyň beräý, güler ýüzüňden ganaýyn😌
gul✿
Düýn 20:55 wagtda
@geldiyevna, Çyn dovzaha baryp yzymyza gaýdarys öýdip otyrmykalar🤦🏻‍♀️🤭
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.