Pikirlendi Kendyn. Jyn dogry aýdýardy.
— Sen mamla!
— Bulary mamla bolmak üçin aýtmandym. Özem mamla bolmagy hiç halamok. "Sen mamla!" Mamla bolanym bilen näme bolýa?! Meniň mamla bolmam saňa näme kömek etdi? Ýalňyşy düzedip bilmejek bolsam meň mamla bolmagymyň kime näme peýdasy bar?
— Sen mamla!
Gülüşdiler. Soňra Jyn galan ýerinden dowam etdi:
— Men saňa sagadyň şekilini üýtget, üstüne zer goý ýa-da güller bilen beze diýemok. Ýene şol durşuna galsyn emma adamlary Güneş bilen oýandyrmak üçin biraz jomart bol, bir zatlar oýlap tap!
Kendyn soňky söze düşünmändi:
— Jormartmy, o nähili?
— Hawa, jomart. Näme üçin puldan 6 nol atmaga güýjüň barda sagady 4 sagat öňe almaga güýjüň ýok?
— ...
— Ýalta sen, kabul et. Ynamyň ýok. Pikir et, ertir irdenden soň sagady 4 sagat öňe süýşüreniňi pikir et!
Pikirlendi Kendyn. Erbet pikirem däldi bu. Jyn sorady:
— Seň pikiriňçe adamlar muňa öwrenişmekde kynçylyk çekerdilermi?
— Ýok. Hiç zat üýtgemezdi, sebäbi gün ýene 24 sagat bolardy... – diýdi Kendyn we heýjanlandy.
— Bolýar onda seni saklaýan näme? Pikir et, şolar ýaly bolanyny düşün. Adamlary irden oýarmak belki ullakan işler talap eder. Hemme adamlary Güneş bilen oýandyrmak üçin müňlerçe hat-da millionlarça sagat tejribe geçmeli bolarsyň. Emma sagadyň sazlamalary bilen oýnap, hiç çykdajy etmän hemme adamlary bu ýalňyşlykdan halas edip bilersiň. Şeýlelik bilen ne olar ne-de sen hiç zat etmän bütin ýaltalygyňyz bilen ýene 9-da oýanmagyňyza garamazdan Güneş ýaňy dogup barýan ýaly bolar.
Kendyna dogry ýaly göründi bu pikir. Ýaňy iň soňky oýanan janlyň adamdygyny öwrenensoň hasam gözi ýetdi... Şol heýjan bilen:
— Hakykatdanam örän gowy pikir. Hiç zada gerek ýok, diňe sagady öňe almaly, dünýäň durmuşy üýtgär. Beý bäää..! Sen örän ajaýyp Jyn! – diýdi Kendyn.
— Senem edil men ýaly ajaýyp, ýöne bir tapawut bilen. Sen pikirlenmegi inkär edýän ajaýyp bir akmak... Birazajyk pikirlenseň okuwlary, iş ýerlerini, fabriklary, banklary bir wagtda açyp, soňam "Ýol näme üçin beýle dykylşyk?" diýip igenmezdiň... – diýdi Jyn. Kendyn Jynyň bu hereketlerine öwrenişip başlapdy. Şol sebäplem ters bir zat diýmedi, diňe güldi.
SOŇY
Başy öňki 2 postda. Leksik we grammatik ýalňyşlyklar üçin bagyşlaň. Post barada pikirleriňizi ýazyp geçmegi unutmaň!
Çeşme: Erdal Demirkıran "Diňe akmaklar 8 sagat uklar" kitabyndan bölek.
Türk dilinden terjime eden: ☆GÜNEŞIM☆