Geläýipsiñ...
Geläýipsiñ
Ýyllaryñ ýygyrtly ýüzüni ýazyp,
Geläýipsiñ!
Ötünç çogýar aýañdan.
Garaşmak endigim wadañ deý bozup,
Özümi agtardym özge hyýaldan.
Men özümi del gözlerden agtardym,
Tapmadym, kejikdim duýgym deý ylla.
Bagt ýüwrüge berilsedi aljakdym,
Arman, bagty alyp bolmaýar ylgap.
Duýgularyñ adasynda gezm edip,
Ýitiren ekenim parasadymy.
Hiç bir parahatlyk aýryp bilmedi
Kalbymda oýaran harasadyñy.
Ah, şonda-da söýgä duş eden ýollar,
Unutdyrmagy hem gylyk bilipdir.
Bak, saña şepagat eçilen ýyllar
Meni birehim gyz kylyp bilipdir.
Barybir, ýatlaram bagt be:r, gönendi:r,
Şat etmek dälmidir bagtyñ ukyby?!
Emma diñe berilýändir söýenñe
Öz göwnüñi ynjytmaklyk ukyby.
©Mahym NURGELDIÝEWA