smiling_
15.09.2024 11:06
Ömürzaýa erkime...

Ýüzümiñ perdesin aýyrasym geldi,
Utandym!
Nirede gizlensem-de,
Öñümde,
Utan dur!
Iten dur ýeñsämde,
Büdüresem...
Günäkäri men,
Muýnürmekden ýyldyzym öçdi...
Gözlerim ümsüm..
Özümi ýalñyz goýmak isledim.
Ynam galmandyr
Ellerime hem...

Ýalñyzlyk permanyn elime alyp,
Hökümdary bolup basdym möhüri.
Asmandan asmany synladym ýöne,
Zyndan-dan boşatdym,
Ömürzaýa erkimi...


--- Remezan Mämetgurbanow
14
42
paris_off
15 Sentýabr 2024
👍
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.