Näme üçin agladyñ?
Söýgüni ezizläp, setire salyp,
Men saña goşgudan çemen bagladym.
Gözüñi ýaglygyñ ujuna çalyp,
Öten agşam sen näme üçin agladyñ?
Ýekelikde çekdiñ nämäniñ derdin,
Aýry derdiñ bolmaz, bile çekeli.
Men sizde birgiden ýat adam gördüm,
Şolar näme iş bilen gelen ekeni?
Olar size girip - çykýandyr belki,
Señ girip çykyşyñ azaltmak üçin.
Edip söýgimizi ryswa - gülki,
Gara saçymyzy agartmak üçin.
Sen aýtsañ - aýtmasañ bir zat añladym:
Öten agşam sen näme üçin agladyñ?
~ Italmaz Akmyradow