smiling_
14.09.2024 20:40
Meni söýme!
Meniñ öz söýgülim bar,
Meni söýme!
Menem ýagşy umytda,
Meni söýseñ paralanar ýüregiñ!
Näletlärsiñ,
Meni ömür unutman!

Zerre bolup damar söýgiñ zäheri,
Pajygaly ahwalaty ýatlarsyñ.
Sen meni söýersiñ
Emma,
Men welin,
Uzaklykda çakyndaky zatlardan.

Meni söýme!
Söýgi - oduñ parçasy,
Men onda kömür ýaly garaört.
Ýakynlaşsañ solar ýüzüñ gunçasy,
Meni söýme!
Señ başyña iner dert...

Mert bol!
Meni söýme, men mynasyp däl!
Seriñi sämedip geçgin deñimden.
Meni söýseñ unudarsyñ bar zady,
Soñ hiç bir zat gelmez meniñ elimden.


Awtor: Remezan Mämetgurbanow
27
134
ayymsha
15 Sentýabr 2024
❤️😔
garlawac
15 Sentýabr 2024
Meni söýme meniň öz söýgülim bar...
zumerret_
14 Sentýabr 2024
Süýjije dert )
smiling_
14 Sentýabr 2024
@Karaleva_, Onda adminlardan sorada 😁
smiling_
14 Sentýabr 2024
@Karaleva_, Günde 3 post 2 sagatdan
smiling_
14 Sentýabr 2024
@Karaleva_, Ýyldyz dereje ... 🙄
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.