III
Çaga dogran enä meňzeş bu toprak,
Goýýar seň öňüňde baky sowaly.
«Meniňki bag döken tohumy tapmak,
Aýt, oglum, seniň tohumyň bamy?»
Sen onsoň pikire çümersiň çuňňur,
«Çagam barym» bilen bolmarsyň halas.
«Tohum» diýen sözüň manysy çuňdur,
Hem belentdir pikir edişiňden has.
Ol sowalyň anygyna ýetmeli,
Ýagny, saçyň ýolup, der döküp, bada,
Ömrüň pikriňden soň dowam etmeli,
Şeýdip, ýaşamaly ýagty dünýäde
Ine,şu sowala bolup baky ýar,
Topragyň üstünden ömürler geçýär,
IV
Topragyň üstünden ömürler geçýär.
Goýup soňky açyşlaryň tohumyn.
Şol tohumlar sende ýokmy ýa-da bar?
Ine, etgin șu sowalyň wehimin.
Seň aýdan pikiriň aňyrdan gelse,
Așakdan gelşi deý tämiz çeşmäniň.
Derýadan geçjege bir köpri bolsa,
Serişdesi bolsa, münüp-düşmäniň.
Öten dostlaryňy örtenip ýatla,
Ýaşap ýörenleri söýmegiň üçin.
Köňlüňi pes tutup, güýz kimin ýaşa,
Ertäň aladasyn duýmagyň üçin.
Uçýar hyýal guşy ganatyn ýaýyp,
Bar sary töwerek şeýle ajaýyp!
✍️ Gurbannazar Ezizow