senorita
12.09.2024 23:44
GÜÝZ
Sonetler çemeni

|

Ýene güýz Güýz bolsa saralýar ýaprak.
Ýaprak saralanda durlanýar pikir.
Ýatlaýaň geçeni öňküden köpräk,
Hem diýýäň: "Oňatlyk, hudaýa şükür!"

Ýöne güýzüň manysyna düşene
Diňe şu gün bile ýaşap ýörme ýok.
Çünki güýz ene deý doguryp, ýene
Indiki ýaz üçin işläp aranok.

Hana, gör, asmanda bulutlar göçýär
Pikirem bulut deý geçyär her ýana.
Ýyldyrym gylyç deý çar ýana geçýär,
Ýyldyrym deý pikir goýsaň eýýama...

Ömri gyl üstünde ýapraklar öçyär,
Sary șemal ony tändirip geçýär.

||

Sary șemal ony tändirip geçýär,
Soňkuja ýapragy, bir pasyl ömri.
Adam durmuşynda uly many bar:
Geçeniň yzynda galyp ýör höwri.

Bu ýerde uly bir pelsepe-de ýok,
Her ynsan özüçe ýasanýar bagty.
Ýaprak gaçýar. Gaçma diýip bolanok.
Ýöne, iň gowy zat: galýar daragty.

Güýz ene deý şol daragty emdirýär
Sowukda, şemalda kyn bolsa-da, kyn.
Öz ýalaňaç tenin ýagșa ezdirýär,
Güýzlüginden ýaza öwrülmek üçin.

Sen bir gözüňi aç, töwerege bak
Çaga dogran enä meňzeş bu toprak.


✍️ Gurbannazar Ezizow
14
75
senorita
13 Sentýabr 2024
@okyyjy, 😊👍
senorita
13 Sentýabr 2024
@gula, 💞
okyyjy
13 Sentýabr 2024
"...Düşüň ýatlamalar köňlüme häli, saralan ýapraklaň düşüşi ýaly..."
gula
13 Sentýabr 2024
Güýz şahyry...)
senorita
13 Sentýabr 2024
@myrataly_, bolar )
senorita
13 Sentýabr 2024
@beghanym, Salam, giç ýagşy 🤗 Gowumy ýagdaýlaryñyz?
myrataly_
13 Sentýabr 2024
@senorita, Gurbanazar Ezizow hem oykelaymesin,onam gos
beghanym
13 Sentýabr 2024
🥳@senorita, 👍@senorita, Salam
senorita
13 Sentýabr 2024
@beghanym, 🌹
senorita
13 Sentýabr 2024
@PILOT👮‍♂️✈🛩, 😊👍
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.