gunesh_
12.09.2024 12:01
Kendyn ýyljajyk düşeginde Güneşi hiç hasap etmän, uklap ýatan her bir adamyň ýerinde özüni goýanda bu möhüm portret hasam garalýar, utanç has-da gyzarýardy...
— Bolýar, näme üçin beýle? – diýip sorady Kendyn. Jyn Kendynyň elinden tutdy we öňünden çykan her öýüň ýatylýan otagyna girip, görkeziji barmagyny uklap ýatan adamlara öwrüp hersi üçin bir uky sebäbi aýtdy:
— Sebäbi özüni ölümsiz diýip pikir edýär... Sebäbi men akylly diýip pikir edýär... Sebäbi gaçýar... Sebäbi özüne sylagy ýok... Sebäbi erkindirin öýdýär... Sebäbi ajaýyp ýalta... Sebäbi beren sözüni tutup bilenok... Sebäbi wagt gutarmaz öýdýär... Sebäbi men peýdasyz diýip pikir edýär... Sebäbi akmak, akmak, akmak...
Soňra durdular. Kenarda Güneşi synlan ýerlerinde durdylar. Jyn Kendyna seredip:
— Sebäbi dostum sen taýyn sistemaň gujagynda doguldyň, dogdylar... Soradyň soramadyň. Saňa "Ýetişen adam 8 sagat uklamaly" diýdiler, ynandyň. Barlaglaryny aýtdylar, has-da ynandyň. Hiç pikir etmediň, "Ýa ýalňyş bolaýmasyn!" diýmediň hiç-haçan. "Kimdikä şol daşy şol guýa atan akmak?" Bu zatlar barada hiç pikir etmediň, sebäbi seni gyzyklandyranokdy. Uklamak gaty gyzyklydy. Ne bergiňi ýatlaýardyň ne-de ugruna bolmadyk işleriňi... Ne kakaň ýürek meselesi gelýärdi kelläňe, ne-de ejeň agyrýan dyzlary. Uklamak gaçmakdy seň üçin. Nähili gowy bolýardy Güneş batanda.
Jyn bulary aýdyp duran mahaly Kendyn dem alman diňläp durdy... Jyn gürlemegini dowam etdi:
— Uky seni şeýlebir ýesir etdi özüne welin agşam bolan wagty gözleriň ýumulmagyna garşy çykyp bilmediň. Aslynda garşy çykyp çykmazlygyňam seni gyzyklandyranokdy, sebäbi sen uky hakynda hiç zat bilen gyzyklanmadyň. Şeýlelik bilen ajaýyplygy bilmeýän bir jenaýatçyňa öwürdiň.
— Dur hany bir minut – diýip, sözüni böldi Kendyn we dowam etdi:
— Bu aýdanlaryňdan meň düşünen zadym: Senden başga hemmeler ýalňyşýar. Ýeri 6 milliard adamyň hemmesi nädip şol ýalňyşa goşulyp bilýä?
Jyn iki goluny iki tarapa açdy. Özüne ynamlydygy ýüzünden görnüp durdy:
— Hawa, anyk bütin dünýä ýalňyşýar. Özem hemme meselede diýen ýaly. Ýagny guýuda bir daş ýok, müňlerçe daş bar ýüzlerçede guýy... 15 sekuntda subut edip bilerin.
Kendyn bilesigeliji gözler bilen seredip durdy. Jyn guma bir tegelek çyzdy külbike barmagy bilen. Depesine 12-lik belgi ýazdy we sorady:
— Bilegiňdäki sagat şuňa meňzeýärmi?
Bilegine seretdi, sagat ýokdy. Ýöne onuň çyzan tegelegi sagada meňzeýärdi.
— Hawa – diýdi. Soragyny baglanyşdyrmak üçin ýene bir sorag berdi:
— Bolýar, hassahanaň diwaryndaky sagat şuňa meňzeýärmi?
— Hawa, elbetde... – diýdi Kendyn pikirlenmän.
— Bütin dünýä meňzeş sagat ulanýar, şeýle dälmi?
Hawa diýen ýaly kellesini yralady Kendyn.
— Ýagny, hemmesinde 12 depede we bütin sagatlar gije 12-ni görkezende bir zat bolýar, şol gün soňlanýar we täze gün başlanýar, şeýle dälmi?
Munuň hem jogaby "hawady". Jyn bütin dünýäň hökman eşitmeli zadyny aýtdy:
— Bolýar, bu nähili akylda täze gün gijäniň orta gürpünde başlanýar? Bu nähili senenama bolýada gijäň tümlüginden gün aýlanýar? Güneş sagat 6-da dogýarka ýary gije 12-de 0 diýmek bilen näme pikir edýäňiz?
Sessizlik... Uly sessizlik...
— Emma Güneş dogýan wagty gün başlamalydy. Hökman şu dizaýn bolmaly diýýän bolsaň sagadyň 6-da duran ýerini günüň başlanýan wagt hasap edip noldan başlamalydyň. 9 diýýän ýerinede 3 diýmelidiň. Şeýlelik bilen 9-da oýanan adam "Güneşiň doganyna we günüň başlanyna 3 sagat geçipdir" diýerdi we güni elden gidirmek gorkusy bilen haýdap ýerinden turardy.
Kendyn elindäki deliller bilen inkär etmäge taýýarlanýan adwokat ýalydy:
— O nähili beýle bolýar, Güneş her gezek 6-da doganoga.
— Ine bolýar, 6-da dogmaýan wagtlary üçin iňsoňy sen yza-öňe sazlanýan sagat programmasy oýlap tapmadyňmy? Al sagady bir sagady öňe ýa-da yza, Güneş ýene noldan dogsun.
Pikirlendi Kendyn. Jyn dogry aýdýardy.
— Sen mamla!

Dowamy indiki postda.

Çeşme: Erdal Demirkıran "Diňe akmaklar 8 sagat uklar" kitaby.

Türk dilinden terjime eden: ☆GÜNEŞIM☆
11
82
geldiyevna
12 Sentýabr 2024
👍❤️
gunesh_
12 Sentýabr 2024
Dolulygyna paýlaşyp bolmansoň bölekleýin paýlaşdym
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.