gunesh_
11.09.2024 09:23
Kimdikä şol daşy şol guýa oklan akmak?

Gijäniň tümligidi. Jyn Kendyny bir deňziň kenaryna alyp bardy. Uzakdaky deňiz we asmanyň birleşme nokadyny görkezip:
— Indi hemme zady unut we diňe seret – diýdi. Birnäçe minutdan soň çalaja gyzyllyk göründi uzakda.
— Seret, Güneş oýanýar! Älemdäki iň uly işi goh-galmagalsyz we näz etmän, sessizje ýerine ýetirýär. Edýän işiniň ululygyny "Güneş dogdudan" başga hiç bir söz kanagatlandyranok. Pikirlenip gör, biraz wagtdan asman ýagtylar, guşlar saýrap başlar, garynjalar öýlerinden çykar. Hatda agaçlaram işläp başlar. Ýerýüzi, üstündäki gara ýorganyny syryp, Aýa we ýyldyzlara zyňyp, olary jezalandyrýan ýaly söndürer... We ýüz millionlarça ýyldyzyň toplanyp edip bilmedik zadyny Güneşiň ýeke özi eder – diýip, äleme bolan haýranlygyny dile getirdi. Jyn:
— Näme üçin ösümlikler gündiz kislorod, gije kömürturşy gazy öndürýär, heý pikir edip gördüňmi?
— Ýok – diýdi. Hiç pikir edip görmändi. Gereksiz işlere wagt sarp etmekden o zatlara wagty ýokdy pikir eder ýaly. Jyn dowam etdi:
— Sebäbi Güneşiň doguşy durmuşyň başlanýan wagtydyr. Agaç, agaç wagty olam boýun egendir Güneşe. Pikir edip gör hany, ol dogan badyna bütin bir sistema nähili tersine öwrülip biler? Bular ýaly uly üýtgeşme nädip bolup biler? We Güneş nähili güýç bolup, onuň dogmagy bilen bütin janlylar herekete başlaýar? Gel indi gidip göreli bakaly Güneşe garamazdan uklap ýatan bir janly barmy dünýäde?
Şol aralykda Güneş ýene hemişeki ýaly agyrysyz, sanjysyz, gykylyksyz dogupdy. Jyn we Kendyn bir dem alarlyk wagtda Güneşe boýun egen bütin älemi aýlandylar. Ýolbars, gaplaň, gurt, guş, syçan, pil, siňek, mör-möjek, alma, armyt, balyk we dem alýan-almaýan näme bar bolsa hemmesi birmahal oýanypdy.
— Indem seň garyndaşlaryňa aýlanaly. Göreli bakaly o ýerde nämeler bolýarka? – diýdi Jyn ynsanlyk älemini göz öňünde tutup. Müňlerçe öýe girdiler. Kendynyň garyndaşlarynyň 90%-i uklap ýatyrdy. Oýa bolanlaryňam agramly bölegi ýa çaga ýa-da zor bilen mejbur bolany üçin oýanypdy. Öz-özünden we isläp oýanan gaty az adam bardy. Jynyň ýanynda birinji gezek utanypdy Kendyn. Haýwanlar we ösümlikler älemi gurnalan sagatlara gerekçilik duýman arkaýyn oýanyp bilýärdi. Emma, dünýäň iň akyllysy hasap edilýän adam entegem süýji ukuda uklap ýatyrdy.
— Ynan gaty utanýan – diýdi. Güneş dogany we asman ýagtylany üçin ýaňaklaryndaky gyzaryklygy gizläp bilenokdy Kendyn. Jyn, seredişine ajy ýylgyryşyny hem goşup:
— Dur, bu entek hiç zat. Güneşiň doganyna entek ýarym sagat boldy. Göreli bakaly doly oýanmaklary üçin näçe wagt gerek bolarka? – diýdi. Her sekuntda bir öýe girip aýlanyp çykýardylar. Ullakan ýadawlygyň yzyndan uklama sowgady gazanan we 10 minut öň düşegine girip, hak eden sowgadynyň lezzetini alýan ýaly rahatdy adamlar.
Täzeden haýwanat we ösümlik älemini gezdiler. Oýanmak aňyrda dursun eýýäm hemmesi diýen ýaly çagalaryny doýurypdylaram. Yza dolandylar. Ynsan entegem uklap ýatyrdy. Tomus paslydy. Güneşiň doganyna ylaýak 2 sagat bolupdy. Kendyn nädip düşündirjegini bilenokdy. Gören zatlary hakda diňe gynanýandygyny aýdyp bilýärdi.
— Gynanýan!

Dowamy indiki postda.

Çeşme: Erdal Demirkıran "Diňe akmaklar 8 sagat uklar" kitap

Türk dilinden terjime eden: ☆GÜNEŞIM☆
17
209
gunesh_
Saturday 19:21 wagtda
@geldiyevna, sagboluň:)
geldiyevna
Saturday 00:47 wagtda
@gunesh_, nämçüýn başa barmadyk? Gül ýaly 👍, dowam et!
geldiyevna
Saturday 00:46 wagtda
@gunesh_, aý türkçeden-ä orsyçam ganymat meň😆
gunesh_
13 Sentýabr 2024
Ýöne başa barmadyk ýaly
gunesh_
13 Sentýabr 2024
@geldiyevna, meňkem öwerlik zat däl, birinji gezek synanyşyp gördüm. Boş oturanymdan barlap göräýin diýdim:)
gunesh_
13 Sentýabr 2024
gunesh_
13 Sentýabr 2024
@geldiyevna, iň bolmanda türkçe?:)
geldiyevna
13 Sentýabr 2024
Biri bir zat etse, meňem edesim gelýä, nämeden-kä? Gynançly ýeri: hiç zat etmeýän! Häzirem oýladym, "menem terjime edäýmeli" diýip, birden-kä dil bilmeýänim ýadyma düşdi🤦😂
geldiyevna
13 Sentýabr 2024
Berekella👍, özüň terjime edipsiňow
ylham_gurbanaly
12 Sentýabr 2024
Gowy. Ugruna bolsun
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.