manolya
10.09.2024 20:46

Rim sanlaryndan náçä çenli sanap bilýärsiñiz ?!



Taryhy maglumatlardan belli bolşy ýaly, sanlary aňladýan ilki belgiler wawilonlylara we müsürlilere degişli hasaplanylýar. Biziň eramyzdan öň 3000-2500-nji ýyllarda Müsür ieroglif belgilerinde sanlary aňlatmak üçin dürli belgiler peýda bolupdyr. Soňlugy bilen şol belgiler Müsür ýazuwynyň esasynda beýleki halklaryň ýazuwlarynyň nusgalaryna aralaşypdyr. Bu döwürde hasaplamagyň onluk ulgamy giňden ýaýraýar. Hindiler noly aňladýan belgini oýlap tapyp, san belgilerini häzirki bütin dünýäde ulanylyşy ýaly ýazypdyrlar. Biz ol san belgilerini “arap sanlary” diýip atlandyrýarys. Sebäbi, bu sanlar araplaryň arasynda has giňden ýaýrapdyr. Aslynda araplar bu san belgilerini hindilerden alypdyrlar. Yslam medeniýetiniň ýaýramagy bilen bilelikde arap sanlary Ýewropa orta asyrlarda geçipdir.

Şol döwürde Ýewropadaky hasap-hesip işleri bilen meşgul bolýan adamlar rim sanlaryny ulanmagy bada-bat bes etmändirler. Esasanam goşmak-aýyrmagy gündelik işlerinde köpräk ulanýan täjirlere rim sanlarynda hasaplamak has aňsat düşüpdir. Mysal üçin 68-den 16-ny aýyrmak üçin 68 ýagny, “LXVIII” sanyndan 16-ny görkezýän “XVI” sanlary aýrylsa “LII” ýagny 52 galýar. Maşga bir mysal: 77 (LXXVII) sanyndan 15-i (XV) aýyrmaly ýagny, 77-niň içinden X we V sanlaryny aýyrmaly. Netije “LXII” ýagny 62-dir.

Indi bolsa rim san belgileri bilen tanyş bolalyň. Olar: I (1), II (2), III (3), IV (4), V (5), VI (6), VII (7), VIII (8), IX (9), X (10), XX (20), XXX (30), XL (40), L (50), LX (60), LXX (70), LXXX (80), C (100), D (500), M (1000).

Rim san belgileri ulydan kiçä dogry we çepden saga dogry ýazylyp tapylýar. MDCLXVI sany haýsy sandygyny tapaly: (M=l000)+(D=500)+(C= 100)+(L=50)+(X= 10)+( V=5 )+(I= l) = 1666.

Emma häziki wagtda ýokardaky ýaly hasaplama ulanylmaýar ýagny, uly sanyň öňünden gelen kiçi san uly sandan aýrylýar. Mysal IX=(10-1)=9, bu ýagdaýda 1999 sany bolan MCMXCIX başda M+CM+XC+IX görnüşünde ýazylyp netije (1000+900+90+9)= 1999 görnüşinde tapylýar.

Ýene-de bir düzgün, şol bir harpy üç gezekden köp ulanmazlykdyr. IIII ýerine IV, XXXX ýerine XL ulanylýar. Emma rim sanlarynda M-den uly belgi bolmandygy üçin 1000-den soňraky sanlar mysal üçin 4000 – MMMM görnüşinde ýazylýar.

Rim sanlarynda sandan öň bir gelmegi diňe dört (IV) we dokuzda (IX) sanlarda bardyr. Rim san belgilerinde nol ýokdyr. San görkezilişi ýaly ýagny, “X” nirde bolsa-da 10-dyr. Emma häzriki ulanýan sanlarymyzda 1 ýeke özi birdir, emma sagdan 2-nji ýere geçende 10, üçünjä geçende bolsa 100 bolýar.

Şol sebäpli hem häzirki wagtdaky çylşyrymly hasaplamalarda rim san belgileriniň ulanylmagy mümkin däldir. Rim san belgileri asyrlar ýazylanda, kitaplaryň tomlary belgilenende, diwardyr-el sagatlarynda we beýleki ýerlerde giňden ulanylýar.

Häzirki wagtda dürli hasaplamalarda million, milliard, trillion hatda kwadrillion ýaly uly sanlar ulanylýar. Mundan soňraky ýyllara taýýarlyk maksady bilen milliondan başlap soňky sanlara göz aýlalyň. Sanlaryň yzyndaky ýaýda şol sanda näçe sany nol bardygyny görkezýär: million (6), milliard (9), trillion (12), kwadrillion (15), kwintrillion (18), sekresiýa (21), septrillion (24), oktillion (27), nanillion(30), desillion (33), andezilion (36), dýudesilion (39), tredesillion (42), katdesilirowaniýe (45), kwindesilirowaniye (48), poldesilion (51), septendezilion (54), oktadesilirowaniye (57), nowemdesilion (60), wigintillion (63).


Agajan MUHYÝEW,

Türkmen oba hojalyk institutynyň

Daşoguz agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň Okuw bölüminiň müdiri

çeşme:Atavatan Türkmenistan
26
131
Perman__
18 Oktýabr 2024
@flowers_, гориндим пейдасы ёк дийди 😅
flowers_
18 Oktýabr 2024
Öz-özüň bilen gürleşýañ
flowers_
18 Oktýabr 2024
@Perman__, doktara görun sen😂
Perman__
18 Oktýabr 2024
@flowers_, ойкелайсеммыкам. Барыбир гой дийжек ёк ойкелемайинде озим гынап
flowers_
18 Oktýabr 2024
@Perman__, bizä bizar🙄, bardyrla
Perman__
18 Oktýabr 2024
@flowers_, догры гориплигим тутуп башлады вара бирхилек. Мени ятладымыкана шойдип бири ярымы агзалан я гормайинем коймайинем дийдилермика 🤣
flowers_
18 Oktýabr 2024
@Perman__, görnenok, göresim gelli
Perman__
18 Oktýabr 2024
flowers_
18 Oktýabr 2024
senorita
12 Sentýabr 2024
@bilimlije, Menã «Sentillion» diýip bilýãn iñ uly sany 600 noly bar )
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.