enes_∞
09.09.2024 20:07
Türkmen taryhynyň elipbiýleri
Taryh, dil we edebiýat öwrenijileri üçin, şol halkyň taryhda ulanan elipbiýlerini bilmezlik, taryhyň syrly gatlaryna ýetmegiň öňünde iň uly bökdenç bolup durýar. Ata-babalarymyzyň doly öwrenilmedik gymmatly edebi miraslaryny öwrenmek üçin ilki bilen halkymyzyň taryhda ulanan elipbiýlerini öwrenmelidiris. Ata-babalarymyz taryhda 20-den gowrakelipbiýden peýdalanypdyrlar. Olar şu aşakdakylardan ybaratdyr:

1) 5.5 müň ýyl öň ulanylan Oguz ata-babalarymyzyň döreden tagma elipbiýi.
2) 5 müň ýyl öň Garagum çölüň jümmüşinde ýaşan Sümer ata-babalarymyzyň ulanan elipbiýi.
3) B.e.öňki 2100-1800–nji ýyllarda Altyndepe şäher döwletiniň ulanan elipbiýi.
4) Ata-babalarymyzyň otparazçylyk dinini ýaýratmak üçin ulanan elipbiýi.
5) Hytaý “Hun” imperiýasynyň ulanan, klassik şahyrymyz Andalybyň maglumat berýän 24 harpdan ybarat elipbiýi.
6) Parfiýa döwletiniň ulanan elipbiýi.
7) Awesta elipbiýi.
8) Gök türkmen elipbiýi.
9) Türkmen sogd elipbiýi.
10) Türkmen uýgur elipbiýi.
11) Türkmen many elipbiýi.
12) Türkmen brahma elipbiýi.
13) 1256-1483 nji ýyllar aralygynda dowam eden Garamanogullary begliginiň ulanan grek elipbiýi.
14) Türkmen arap elipbiýi.
15) Türkmen latyn elipbiýi.
16) Türkmen ermeni elipbiýi.
17) Türkmen jedid elipbiýi.
18) Türkmen latyn elipbiýi.
19) Türkmen kiril elipbiýi.
20) Türkmen milli elipbiýi.

Halkymyzyň taryhda ulanan elipbiýleri doly öwrenilse, halkymyzyň geçmiş mirasyna uly goşant boljakdygy ikiuçsyzdyr .

Dil hakyndaky kanunyň kabul edilenden soň Garaşsyzlygyň kabuly bilen ähli ýazuw işleri döwlet diline geçmelidi. Bu sebäpden 1993-nji ýylyň 12-nji aprelinde Türkmenistanyň prezidentiniň karary bilen latyn ýazgysynda düzülen türkmen milli elipbiýi kabul edildi. 30 harpdan ybarat bolan bu elipbiýiň 9 sanysy çekimli we 21 sanysy çekimsiz seslerdir.

Taýýarlan: Mekan Hotçyýew

Türkmen taryhy elepbiýleri☘️
13
43
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.