enes_∞
09.09.2024 19:47
Braýl näme?

Braýl – bu batyl adamlar üçin güberçekli nokatlardan düzülen harplar bolup, el degirmek arkaly okamaga we ýazmaga ýardam edýän ulgamdyr. Şeýle hem Braýl dyngy belgili deňlemeleri we harplar toparyny görkezýän nyşanlary öz içine alýar. Braýl elleriň her setirini yzysüre çepden saga gymyldadyp okalýar. Adatça elleriň ikisi hem okalyş pursatynda işjeň gatnaşyp, esasan-da süýem barmak bilen yzarlanýar. Erkin okaýşyň ortaça tizligi minutda 125 söz bolsa, kämil okyjylaryňky minutda 200 söze barabardyr. Braýl elipbiýini ulanmak bilen kör adamlar ýazgylara doly manysy bilen düşünýärler. Mundan başga-da, olar ýazgyda duş gelýän dyngy belgilerini, paragraflary we bellikli jümleleri aňşyryp, saz notalary we tagta oýunlaryndan arkaýyn peýdalanyp bilýärler. Görmekden mahrum galan okyjylaryň işini aňsatlaşdyrmak üçin ençeme usullar barlanyp gelinse-de, köpüsi çap edilen görnüşdäki harplar bolupdyr. Braýl ulgamynyň şowly çykmagy onuň göreç üçin däl-de, eliň duýgulary göz öňünde tutulyp döredilmegidir.

Braýlyň taryhy 1800-nji ýyllara çenli baryp ýetýär. Napoleon Bonapartyň goşunynda hyzmat edýän Çarlz Barber “tümlükdäki okaýyş” atly özboluşly ulgamy emele getirmegi gijelerine esgerleriň biri-biri bilen imi-sala gürleşmegine hemaýat beripdir. Harby weteran bolmak bilen, ol ençeme esgeriň gije hat-petek okamak üçin çyrany ýakýandyklary sebäpli öldürilendigine şaýat bolupdyr. Çyranyň ýagtysy duşman goşunyna fransuz esgerleriniň nirede gizlenýändigini görkezip, köp ýitgilere sezewar edipdir.

Lui Braýl 1809-njy ýylyň ýanwar aýynyň 4-ne Fransiýanyň Kupwreý obasynda dünýä inýär. Ol heniz çagaka kakasynyň bizini oýnap, tötänden gözüne sokýar-da kör bolupdyr. 11 ýaşynda Braýl Çarlz Barberiň “tümlükdäki okaýyş” ulgamyndan ylham alyp, oňa egindeşlerine ýazgy arkaly habarlaşmaga peýdaly bolar ýaly üýtgeşiklik girizipdir. Bir ýyl öň ol Parižiň milli institutyna kabul edilip, indiki 9 ýylyny özüniň adyna öwrülen, Braýlyň güberçek nokatly harplaryny kämilleşdirmek bilen geçiripdir. Wagtyň ötmeginde Braýl ahyry bütin dünýäde tanalyp, görmek ukybyny ýitiren kişilere ýazmak sowadyny bermekde ilkinji ädim hasaplanypdyr. Lui Braýlyň mirasy millionlarça batyl adamyň durmuşyny özgertdi. Häzirki wagtda, Braýl ýazgysy köp sanly dillere terjime edildi. Jenap Lui oýlap tapyşynyň şeýle ägirt sepgitlere ýetip, onlarça ýylyň dowamynda sansyz-sajaksyz kör adama sowatlylygy öwredendigine we hyzmatyna uly baha berilýändigine buýsanardy. Görmekden ejir çekýän kişileriň hem adaty adamlar ýaly okap bilim almaklary juda täsir oýaryp, okuwda we işde adamlaryň üstünlige ýetmeklerine uly goşant goşdy.

Taýýarlan Aýjemal Gurbanowa
14
74
ahbb
9 Sentýabr 2024
Hawo allajanyň özi hemme kişäde ruhdan düşmez ýaly kömek etýä!!!
okyyjy
9 Sentýabr 2024
@gul✿, Olar şeýle duýgur adamlar bolýan eken. Öýüne ýat adamyň gelenini gapyň açylyşyndan bilip bilýän ekenler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.