enes_∞
09.09.2024 16:19
Gurtmy ýa tilki?


Islendik adam haýyr işi bitirmek niýeti bilen bir ýere gidip gelende, «Gurtmy ýa tilki?» diýlip soralýar. Gaýdyp gelen adam «tilki» diýip, jogap berse, işiň bitmändigini, «gurt» diýip jogap berse welin, niýet edilen haýyr işiň bitendigini, amala aşandygyny hemmeler soramazdan bilýär. Haýwanlary haýyr we şeriň düşünjesinde aňlatmak 7-8 müň ýyl mundan ozal dörän totem (haýsydyr bir haýwana Hudaý hökmünde sežde etmek) düşünjesi bilen baglanyşyklydyr. Ata-babalarymyz has gadymy döwürde möjege Hudaý hökmünde sežde edip, ony ähli ýagşylygyň haýryň gözbaşy hasaplapdyrlar. Häzirki günlerimizde möjek wagşy-ýyrtyjy haýwan hasaplansa-da ony haýyr işiň bitendigi hökmünde alamatlandyrmak ata-babalarymyzyň gadymy ynanjynyň şu günki beýanydyr. Gadymy totem düşünjesi boýunça her halk bir haýwandan gelip çykan hasaplapdyrlar. Biziň Oguz ata-babalarymyz bolsa, özleriniň gelip çykyşyny möjek bilen baglanyşdyrypdyrlar. Hut şonuň üçinem ata-babalarymyz möjegi görmegi-de ýagşylyga ýorup: «Gurt gördüň – gut (bagt) gördüň» diýip aýdypdyrlar.

Tilki sözüniň ýamanlyga ýorulmagy bolsa, tilki mekir-hilegär hasaplanypdyr. Ýöne tilki näçe hilegärem bolsa, onuň öz hile-mekirliginiň pidasy bolýandygy hakyndaky düşünje ata-babalarymyzyň arasynda höküm sürüpdir. Şonuň üçinem öz mekirliginiň gurbany bolýan tilki halkymyzyň içinde halanmaýar.

«Gurtmy ýa tilki?» diýlende, «tilki» diýlip, jogap berilse, işiň bitmändigi aňlanylýar hem «Bähbit bolsun» diýlip, jogap berlip, işi bitmedik adama duýgudaşlyk edilýär.

Gadym Ata sözlermiz☘️☘️☘️
19
159
beghanym
9 Sentýabr 2024
Türkmenlerde aýlawly göçme manyly söz köp sebäbi suhangöý bilimli ökde halk bolanlygyndan
ayymsha
9 Sentýabr 2024
@ideallider, Way yazmadymda wagtynda 🤦‍♀️
ideallider
9 Sentýabr 2024
@enes_∞, meň ýaňky postumuň suraty hem şeýleräkýaly bolupgöründi😄
ideallider
9 Sentýabr 2024
@enes_∞, hehe ýok. Bu sözi köplenç gyzyň ejesi başgalara aýdýar. Ýagny eger ulurak gelneje "Ýitigiňiz bizdedir" diýse, onda "Size bermäge gyzym bar, gudaçylyga geliň, razylygymyzy eýýäm berdik" diýmegini aňladýar.☺️
ideallider
9 Sentýabr 2024
@ayymsha, howwa. Ýöne "Ýitigiňiz bizdedir" diýmek, näme diýmegi aňladýar?🙂
ayymsha
9 Sentýabr 2024
@ideallider, Gürrüñ gudaçylyk barada dälmi
ideallider
9 Sentýabr 2024
@enes_∞, golaýlaýaň, emma gürüňimiziň özidäl🙂👍
ayymsha
9 Sentýabr 2024
@ideallider, Bizde-de
ayymsha
9 Sentýabr 2024
@enes_∞, Hawa
ideallider
9 Sentýabr 2024
@enes_∞, ondan başgada "Ýitigiňiz(Ýitenzadyňyz) bizdedir" jümlede ulanylar eken. Beýle diýilmegi oglan üçin iň uly-abraýlaryň biri. Gürrüň näme barada gidýär bilermikäň? Umuman başga agzalar hem jogaplaberiň?!🙂
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.