enes_∞
09.09.2024 12:09

Täsin ýol hereket düzgünleri
Her ýylyň altyn güýzüniň ilkinji aýynda ýurdumyzda «Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy» atly biraýlygy geçirmek däbe öwrüldi. Biraýlyk çäreleriniň geçirilmegi raýatlarymyzyň jan saglygyny gorap saklamakda, jemgyýetçilik aňyny ýokarlandyrmakda, ömrümiziň howpsuzlygyny gazanmakda, döwletimiziň abadanlygyny üpjün etmekde möhüm ähmiýete eýedir. Şunuň bilen baglylykda, biz hem dünýäniň çar künjegindäki geň galdyryjy ýol hereket düzgünleri bilen tanyşdyrmak isleýäris.

Daniýa. Daniýada ýaşaýan her bir sürüji awtoulaga münmezden ozal awtoulagynyň aşagyny barlamaly. Çünki aşagynda biri bar ýolup biler diýen düşünje bar. Bu mümkinçiligi nädip äsgermezlik edip bilersiňiz?

Kipr. Kiprde ulag sürýän sürüjä, sebäbine garamazdan iýmek-içmek düýbünden gadagan edilendir.

Tsitsero. Bu şäherde hepdäniň dynç güni köpçülikleýin köçelerde sykylyk çalmak bolmaýar.

Ispaniýa. Günlük äýnek düzgüni Ispaniýada ynanyp bolmajak ýol düzgüni hökmünde ýüze çykypdyr. Bu ýerde sürüjilere möwsümine garamazdan ulagynda ätiýaç äýnegiň bolmagy hökmanydyr.

Ýaponiýa. Ýaponiýa hoşniýetli adamlaryň ýurdy hökmünde tanalýar. Hat-da, Ýaponiýada salamlaşmak hem ýarym sagat dowam edýär. Şonuň üçin ýurduň ýol hereketi düzgünleri babatynda-da, mylaýym we mylakatly bolmak talap edilýär.

Şweýsariýa. Şweýsariýada awtoulagyň gapysyny gaty ýapmak düýbünden gadagandyr.

Kanada. Kanadada kanun boýunça awtoulagy paýtun ýa-da atdan çalt sürmek bolmaýar.

Glendale. Arizonanyň Glendale şäherinde awtoulagy yza sürmek bolmaýar.

Milford. Massaçusets ştatynyň Milford şäherinde awtoulagyň penjiresinden kelläňi çykarmak bolmaýar.

A siz haýsy täsin ýol hereket düzgünlerini bilýärsiňiz?🚦🛴🦽🦼🚲🛵🏍️🚙

Çeşme: TurkmenGazet:
16
98
2106
9 Sentýabr 2024
👍👍
awrora
9 Sentýabr 2024
biz@sh_shamko_, dogry. oglanlarda iki soygilisi bar, biri biz gyzlar. Beylekisi masyn.
sh_shamko_
9 Sentýabr 2024
Sweysariyadaky kanun bizin yurdumuzzaky adamlarada degisli edilse gowy boljok. Yogsam masynyn yapysyny ele alyalar kopsi esasanam gyzlar.
ideallider
9 Sentýabr 2024
@agzamen2, gara-äýnek belgi bar. Ol hem tmda ýekeje ýerde, turist-gastinsaň öňünde bar
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.