enes_∞
09.09.2024 11:58

Doglan gün tortunyň döreýşi
Häzirki wagtda dünýä ýurtlarynyň aglabasynda maşgalalar çagalarynyň ýa-da maşgala agzalalarynyň doglan günlerini bellänlerinde şol gün ýörite tort bişirip ýa-da satyn alyp, doglan gününe mahsus bir däp-dessur hökmünde ulanyp başladylar.

Aslynda, bu däp nirden geldika? Bu däp Günbatar we Ýewropa medeniýetiniň täsirinden döräp, soňra dünýäniň beýleki ýurtlaryna hem ýaýrap ugraýar. Doglan gün tortunyň ýasalyşyny we üstündäki şemleriň üflenmegini arzuwlaryň kabul bolmagy üçin ýola goýuldy diýlip hasaplanýar.

Doglan gün tortunyň döreýşi Ýewropa kökenli bir däp-dessur bolup, onuň taryhy gadymy Gresiýa we Rime çenli uzalýar. Gresiýada ilki Artemis hudaýa bagyşlanyp ýasalan aý şekilli tortlar bilen başlanýar. Bu tortlaryň üstünde şem goýlup, ýakylardy. Rimlilerde bolsa, doglan gününi bellemek däbi bardy, emma häzirki wagtda ulanylýan tort we şem däbi soňraky döwürlerde döräpdir.

Orta asyrlarda Germaniýada çagalaryň doglan günlerini bellemek üçin «Kinderfest» ady bilen baýramçylyklar geçirilipdir. Bu baýramçylykda ýasalan tortuň üstüne her ýyl üçin bir şem goýlupdyr. Bu däp soňraky ýyllarda Ýewropada we ABŞ-da ýaýrap, häzirki wagtda dünýäniň köp künjeginde ulanylýan bir däbe öwrülýär.

Çeşme:TurkmenGazet : Tort bişirme däbi 🎂
11
59
ideallider
9 Sentýabr 2024
@geldiyevna, mendede şeýle.
geldiyevna
9 Sentýabr 2024
@ideallider, meňzeşligmizi görsene👀, aýratynam sowgat alaýsam, ýere girjek bolýan🤦, al ýöne bermeli bolamda tersine🙃
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.