freaky
09.09.2024 07:14
4nji bölüm
Maksat uly höwes bilen täze okuw ýylyna başlady. Okuw sapaklaryna ýetişigi oňatdy.Sapaklaryndan boş wagty öýündäkilere-de, Jennede-de hat ýazyp durardy. Ine-de bir gün Maksada bir hat geldi. Ol hat onuň ejesi Mähri daýzadan gelipdi. Maksat derrew haty açyp okamaga başlady. Hatda ejesiniň ony öýerip, öýli-işikli etmek isleýändigi beyan edilipdi. Hatda ýene-de şeýle sözler bardy:
■ Göwün beren gyzyň barmy? Eger ýok bolsa Merjen daýzaň gyzy Jennedi saňa mynasyp görýärin!
Maksat bu setirleri okap ganat baglap uçaýjak boldy. Ol ejesine daýzasynyň gyzyna aşyk bolandygyny nädip aýdarkam? diýip pikir edip ýördi. Maksat derrew hata jogap ýazmaga başlady. Ol hatynda ejesiniň özüne mynasyp gören gyzyna öýlenmäge razydygyny ýazdy we haty derrew ugratdy. Hatyny ugradanyna uzak wagt geçmänkä yzyna hatyň jogaby geldi. Ol hatda şeýle sözler bardy:
■ Oglum şol seni öýermek baradaky meseläni daýzaň bilenem maslahatlaşdyk. Daýzaňam, Jennedem toýa razylyk berdiler. Nesip bolsa indiki dynç alyş rugsada geleniňde Jennet bilen seniň bagt toýuňyzy toýlarys. Bolýa oglum sagbol onda, jan saglygyňa gowuja seret,
sagamanja oka !!!
SOÑY
6
41
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.